Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tripoli üstündäki söweşlerde 121 adam öldürildi


Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne Khalifa Haftar komandirlik edýär.
Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne Khalifa Haftar komandirlik edýär.

BMG-niň Saglyk guramasy Liwiýanyň paýtagtynyň üstünde garşydaş milisiýa güýçleriniň arasynda barýan söweşler netijesinde öldürilenleriň sanynyň azyndan 121 bolandygyny aýdýar.

Bütindünýä saglyk guramasy 14-nji aprelde, özlerine Liwiýanyň milli goşuny diýip at berenleriň 5-nji aprelde başlan esasy harby hüjümlerinden bäri 561 adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

BSG-nyň tiwetterdäki Liwiýa hasaplamalrynda gurama Tripolä has kän medisina enjamlaryny we saglyk işgärini iberýändigini aýdyp, 4-nji aprelde başlan hüjümler mahalynda “saglyk işgärlerine, olaryň ulaglaryna gaýtalanyp edilýän hüjümleri” ýazgaryp çykyş etdi.

liwiýa gündogardaky we günbatardaky bäsdeş iki hökümetiň arasynda bölündi, olaryň ikisi hem aýry-aýry milisiýa güýçleri tarapyndan goldanylýar.

Liwiýanyň milli goşuny diýilýäne Khalifa Haftar komandirlik edýär, ol Tripolide BMG tarapyndan goldanylýan hökümeti goraýan milisiýa güýçlerine garşy söweşýär.

BMG şu hepdäniň başynda 8 müňden gowrak adamyň söweş zerarly ýaşaýan ýerinden gaçandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG