Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawy peýda boldy


Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň täze düzülen sanawyndan bir nusga
Türkmenistanda diplomy kabul edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň täze düzülen sanawyndan bir nusga

Türkmenistanyň Bilim ministrligi diplomyny kabul edýän daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny düzdi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, bilim pudagynyň işgärleri orta mekdeplerde ene-atalar bilen hem-de ýokary klaslaryň okuwçylary bilen ýygnak geçirip, daşary ýurtlarda okamaga isleg bildirýänlere diplomy döwlet tarapyndan tassyklanylýan ýokary okuw jaýlary saýlamagy maslahat berýärler.

Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy
Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

16-njy aprelde Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan diplomy tassyklanýan daşary ýurt okuw jaýlarynyň sanawy gelip gowuşdy.

Ondan mälim bolşuna görä, diplomy tassyklanýan ýokary okuw jaýlarynyň hatarynda Russiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gürjüstanyň, Ukrainanyň hem-de Belarusyň uniwersitetleri bar.

Sanawda Belarusyň bir ýokary okuw jaýy, Gazagystanyň iki, Gürjüstanyň bir, Ukrainanyň üç, Russiýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň onlarça we Hytaýyň ýüzden köp uniwersiteti görkezilýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy diňe Bilim ministrliginiň sanawyny çap eden uniwersitetlerinde bilim alýan studentlere Türkmenistanyň çäginden walýutanyň resmi bahasyna laýyklykda maliýe serişdesini ugratmaga rugsat berler.

“Bu sanaw 1-nji sentýabrdan güýje girýär” diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy
Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

Onuň maglumatlaryna görä, täze düzgün häzirki wagtda daşary ýurt okuw jaýlarynda bilim alýan talyplara degişli däl; ýagny, “häzirki wagtda sanawda görkezilmedik ýokary okuw jaýlarynda bilim alýanlar üçin Türkmenistanda walýutanyň döwlet nyrhyndan çalşylmagyna rugsat berler” diýip, habarçy aýdýar.

“Ene-atalaryň arasynda dowul döredi” diýip, ol sözüne goşýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, häkimiýetler diplomy kabul edilýän täze ýokary okuw jaýlaryň sanawy bilen baglylykda 16-njy martda çykarylan haýsydyr bir karara salgylanýarlar.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ikinji habarçysy degişli resmilere salgylanyp, paýtagtdan beren maglumatlarynda Bilim ministrliginiň çap eden sanawynda görkezilen ýokary okuw jaýlaryndan berilýän diplomlaryň Türkmenistanda kabul ediljekdigini habar berýär.

Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy
Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

“[Täze sanawlar barada orta mekdeplerde geçirilen] ýygnaklara gatnaşanlar Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlardan diňe 1-2 uniwersitetiň diplomynyň tassyklanýandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belleýär.

Onuň maglumatlaryna görä, täze düzgün ene-atalaryň arasynda tolgunyşyk döredýär.

Azatlyga gelip gowşan sanawdan mälim bolşuna görä, Merkezi Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň hatarynda diňe Gazagystanyň Al-Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň hem-de Gumilýow adyndaky Ýewraziýa milli uniwersitetiniň diplomlary Türkmenistanda kabul edilýär.

Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy
Daşary ýurt ýokary okuw jaýlarynyň sanawy

Şeýle-de, post sowet giňişligindäki döwletleriň hatarynda Belarusyň Belarus döwlet uniwersitetiniň ady we Ukrainanyň üç uniwersiteti Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň täze sanawyna girizilipdir.

Azatlyk Radiosy bilen habarlaşýan daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň hatarynda Belarusyň başga-da dürli ýokary okuw jaýlarynda, Ukrainanyň hem-de Täjigistanyň uniwersitetlerinde okaýan türkmenistanlylar bar.

Täze peýda bolan sanaw barada Azatlygyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginden kommentariýa almak synanyşygy başa barmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG