Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda daşary ýurtlardaky türkmen studentleriniň 'tölenen okuw tölegleri geçirilmeýär'


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynda okaýan studentleriň tölenen okuw töleglerini geçirmekdäki kynçylyklar dowam edýär.

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyzyň tassyklamagyna görä, studentleriň ene-atalary okuw tölegleri türkmen banklaryna geçirilse-de, Türkmenistan tarapynyň pul serişdesini daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlarynyň bank hasaplaryna geçirmeýändigini aýdýarlar.

“Çagalary Russiýada, Belarusda, Täjigistanda we Gyrgyzystanda okaýan ene-atalaryň ençemesi okuw töleglerini tabşyrandygyna garamazdan, türkmen häkimiýetleri, bank işgärleri daşary ýurtlarda okaýan studentleriň şertnama esasynda ugradylmaly okuw pullarynyň oktýabr aýynyň içinde geçirip bermegi wada beripdirler. Ene-atalar indi oktýabr aýyna garaşýarlar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Belläp geçsek, 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Merkezi banky dollaryň resmi söwdasyny ýatyrandan soň, ýurtda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanylýan mahaly, onuň “gara bazardaky” bahasy bäş esseden hem köp gymmatlap, 20 manada çenli ýetdi.

Şeýle-de, ýurtda dollaryň resmi söwdasy ýatyrylandan soň, raýatlaryň ýurduň daşyna pul ugratmak mümkinçiliklerine hem ençeme tapgyr çäklendirmeler girizildi. Häzirki wagt daşary ýurtlarda okaýan türkmen studentleri okuw töleglerini türkmen banklary arkaly – diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan we beýleki resminamalar bolanda – dollaryň resmi kursy esasynda okaýan uniwersitetine geçirip bilýär. Bu türkmenistanly studentler üçin resmi kurs esasynda türkmen manadyny daşary ýurt walýutasyna öwürmek boýunça esasy mümkinçilik bolup durýar.

Habarçymyzyň tassyklamagyna görä, şu günler Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy daşary ýurtlarda okaýan studentleriň bu mümkinçiligini hem ýatyrmak ähtimallygynyň üstünde maslahat edýärler.

“Çagalary daşary ýurtlarda okaýan lebaply we daşoguzly ene-atalaryň aýtmaklaryna görä, türkmen häkimiýetleri mümkinçiligi bolan türkmenistanly studentleriň okaýan ýurdunda gazanç edip, özleriniň zerurulygyny we okuw töleglerini özleri işläp gazanmalydygy barada maslahat edýärler. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy studentleriň daşary döwletlerdäki ýokary okuw jaýlaryna golaý boş iş orunlaryny kesgitläp, olary studentleriň okuw şertlerine görä planlaşdyryp, iş şertnamalaryny baglaşmagy maksat edinýärler. Bu barada lebaply we daşoguzly ene-atalaryň ençemesine duýdurylypdy. Ýöne bu ýagdaýyň anyk haçan amal edilip başlanjagy belli däl” diýip, habarçymyz muny türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurt walýutasyny ýurtda saklap galmak üçin edýän tagallalarynyň ýene biri diýip düşündirýär.

Azatlyk Radiosynyň ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Merkezi banky bilen habarlaşyp, kommentariýa almak synanyşyklary häzirlikçe başa barmady.

Ýöne belläp geçsek, Azatlyk Radiosy daşary ýurtlarda okaýan ýa-da mundan beýläk bilim almak isleýän türkmenistanly ýaşlaryň okuw tölegleriniň ýokary okuw jaýlarynyň bank hasaplaryna geçmeýändigi we şol sebäpli ýaşlaryň dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy barada ençeme gezek habar beripdi.

3-nji awgustda redaksiýanyň adyna gelen hatlaryň birinde Orsýetiň medisina uniwersitetlerine girmek üçin synagdan geçen ýaşlaryň ençemesiniň okuw töleginiň türkmen banklary tarapyndan geçirilmändigi sebäpli, bialaç yzyna gaýtmaly bolandygy aýdyldy.

2-nji aprelde Belarusyň Döwlet medisina uniwersitetinde okaýan türkmen talyplary özleri üçin Türkmenistandan bank geçirimleri arkaly ugradylan okuw tölegleriniň ýokary okuw jaýynyň hasabyna wagtynda geçmeýändigi sebäpli özlerine okuwdan çykarylmak howpunyň abanýandygyny aýdyp, maglumat beripdiler.

Şol bir wagtyň özünde, okuw tölegleri ýokary okuw jaýynyň hasabyna wagtynda geçirilmändigi sebäpli okuwdan çykarylyp, ýurda dolanan talyplaryň hossarlarynyň okuw üçin türkmen bankyna tölän pullaryny yzyna alyp bilmeýändigini, iýul aýynda Azatlygyň ýurt içindäki habarçylary habar beripdi.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG