Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň wekilleri Aşgabatda gepleşik geçirdiler


Gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň maslahat edilip-edilmändigi barada maglumat berilmeýär.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Merkezi serkerdeliginiň (CENTCOM), Harby howpy azaltmak boýunça agentliginiň wekilleri hem-de Türkmenistandaky Ilçihanasynyň harby attaşesi bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy maglumat berýär.

16-njy aprelde geçirilen duşuşykda ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň 2019-2020-nji ýyllarda meýilleşdirýän çäreleri, Harby howpy azaltmak boýunça agentligi tarapyndan Merkezi Aziýada alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, resmi metbugatda aýdylýar.

Gepleşikleriň dowamynda Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlarynyň maslahat edilip-edilmändigi barada maglumat berilmeýär.

Ýatladyp geçsek, mundan öň rus metbugatynda türkmen-owgan serhedinde howpsuzlygyň ýaramazlaşýandygy barada dürli maglumatlar peýda bolupdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar serişdelerinde türkmen-owgan serhediniň howpsuzlyk wehimleri barada maglumat berilmeýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG