Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda hususy taksileri tapmak, resmi taksileri çagyrmak kyn.Nädip gatnamaly?


Aşgabat (illýustrasiýa suraty)
Aşgabat (illýustrasiýa suraty)

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň we diňleýjileriniň sözlerine görä, paýtagt ýaşaýjylarynyň şäherde ulagly hereket etmegi çürt-kesik kynlaşypdyr. Jemgyýetçilik transporty hyryn-dykyn, resmi taksileri çagyrmak köp wagty talap edýär, ilat arasynda meşhur hususy ulaglar köplenç tapdyrmaýar.

Soňky iki hepdä golaý wagtyň dowamynda şäherde öz hususy awtoulaglarynda ýolagçy gatnatmak hyzmaty hödürleýänleriň sany öňküsinden esli azaldy, şol bir wagtda-da bahalar ýokarlandy. Bu ýagdaý ýol gözegçilik polisiýasynyň hususy taksileri tutmak boýunça geçirýän çärelerini köpçülikleýin güýçlendiren döwrüne gabat geldi.

Sürüjileriň sözlerine görä, şu günler polisiýa paýtagtyň merkezi köçelerinde köp durýar.

"Düýn meniň tanşym 10 ýyl Abadançylyk köçesine baryp gaýtdy, ol taksi meselesinden habarsyzdy. Ol uzak wagtlap ulag tutjak bolanda hiç kimiň durmandygyna geň galdy. Saklanan ulaglar bolsa nirä gitmelidigini eşidende dessine boýun gaçyrypdyr. Ahyrsoňy saklanan bir ýigit göni gitmän 'howlularyň' arasyndan aýlanyp sürmäge razy boldy" diýip, habarçymyz 17-nji aprelde habar berdi.

Sürüjileriň sözlerine görä, Aşgabadyň merkezi köçelerinde, şol sanda 10 ýyl Abadançylyk köçesinde mydama ýol gözegçilik polisiýasy nobatçylyk edýär. Hususy ulaglarda ýolagçy gatnadýanlar tutulanda olara ortaça 1000 manat möçberinde jerime salynýar.

Häzirki wagtda Aşgabatda jemgyýetçilik transportyna bolan islegler hem artdy. Awtobuslarda yzygiderli dyknyşyk döreýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýda döwlet taksilerden peýdalanmak üçin mümkinçilikleri öwrendi:

- Men döwletiň taksilerini çagyrmagyň näderejede elýeterlidigini anyklamaga synanyşdym. Maglumat gullugyna "09" nomere jaň edip alnan "76 -05-01" nomere jaň edenimde, awtomat meniň nobatda üçünjidigimi habar berdi we saz bilen garaşmagymy sorady, soň meniň nobatym üç gezek ikinji boldy we iki gezek birinji. Sekiz minutlap dowam eden sazdan soň, bir ses maňa taksiniň haçan gerekdigini sorady. Men taksi çagyrjak bolsam näçe wagt öňünden jaň etmelidigini we öýümden aeroporta çenli bahasyny soradym. Hasaplaýja görä boljagyny habar berdiler, emma nyrhlary bilmeýändigini aýtdylar.

Türkmenistanda paýtagtyň we welaýat merkezleriniň arasynda gatnaýan awtoulaglaryň bahasy göterilýär. Bu ýerde-de hususy taksiler iň köp ulanylýan transportdy.

"Taksileriň bahasy Daşoguzdan Aşgabada we yzyna, bir tarapa 210 manada çenli galdy. Aşgabat - Daşoguz awtobuslaryny hem goşdular. Emma bu marşruda isleg köp däl - ýol 9 sagat alýar" diýip, habarçymyz belleýär.

​Häkimiýetleriň hususy transporta gözegçiligini güýçlendirmegi içeri işler ministriniň döwlet baştutanynyň käýinjine eýe bolmagynyň yzýanyna gabat geldi. Isgender Mulikowa berlen käýinjiň hususy transportda ýolagçylary bikanun gatnatmak meselesindäki kemçilikleri aradan aýyrmandygy üçin berlendigi resmi maglumatlarda aýdyldy.

Şol bir wagtda-da, garaşsyz synçylar häkimiýetleriň hususy taksilere gözegçiligini güýçlendirmeginiň ýolagçy gatnawy ugruna degişli täze strukturalaryň döredilmegi bilen baglydygyny aýdýarlar.

"Taksi üçin 700 täze awtoulag getirdiler. Täze ulag parky bolar. Häzir olary gümrükden, tehniki gözegçiliginden geçirmek, belgi almak işi geçirilýär, tiz wagtda maşynlary şähere çykaryp başlarlar" diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky ygtybarly çeşmesi aýdýar. Onuň sözlerine görä, täze awtoulag parky ýurduň baş ýolbaşçylaryna golaý şahslara degişli bolar.

Azatlyk Radiosy bu maglumaty entek resmi çeşmelerden tassykladyp bilmedi.

Jemgyýetçilik transporty we taksi bilen meşgullanjak täze bir strukturanyň dörediljegi barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 16 aprelde habar berdi.

​"Käbir entek tassyklanmadyk maglumatlara görä, Türkmenistanda tiz wagtda paýdarlar jemgyýeti açylar, ol jemgyýetçilik transporty we taksi bilen meşgullanar. Oňa prezidentiň maşgalasyndan biri ýolbaşçylyk eder, ol şeýdip ilat arasynda örän meşhur bolan hususy taksiçileriň bäsdeşliginden dynmak islän bolmaly" diýip, "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri habar berdi. Şeýle-de neşir Aşgabatda taksileriň ýetmezçiliginiň döremegi sebäpli, paýtagta Türkmenbaşy şäheriniň tas tutuş taksoparkynyň getirilendigini habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG