Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

IIM-niň başlygyna berlen käýinçden soň hususy taksiçleriň başyndan 'apat indi'


Aşgabat, saklanan sürüji düzgüni bozmandygyny aýdýar. Arhiw suraty
Aşgabat, saklanan sürüji düzgüni bozmandygyny aýdýar. Arhiw suraty

Türkmenistanda ýene hususy taksiçileri "awlamaga" başladylar, olar mundan öňem "ösen para medeniýetinden" az şikaýat etmeýärdiler.

“Aşgabatda köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýasynyň işgärleri zynjyrdan boşana döndi” diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

“Dördünji gün Mulikowa käýinç berlenden soň hususy taksiçileri aç-açan diýen ýaly awlamaga başladylar, bütin şäher boýunça ýalan müşderileriň kömegi bilen duzak gurulýar. Meniň goňşularynyň birnäçesi öz hususy awtoulagynda adam gatnatmak bilen meşgullanýar. Olar indi hakyky müşderi bilen ýalan müşderini öňünden kesgitlemek üçin psihologa öwrülmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler” diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, şäher boýunça hususy taksiçilik bilen meşgullanmakda tutulan onlarça sürüjiniň awtoulaglary jerime duralgasyna salyndy.

Türkmenistanda hususy taksiçilik işsiz adamlaryň maşgala eklemek üçin ýüz urýan esasy çäreleriniň biri bolup durýar.

“Adamlar häkimiýetleriň ilki raýatlary iş ýerlerinden mahrum edip, indi bujagaz mümkinçilikden hem kesmeklerine açyk nägilelik bildirýärler” diýip, bu habary Azatlyk bilen anonim şertde gürleşen aşgabatly hususy taksiçi hem tassyklady.

"Mulikowa berlen käýinçden soň taksiçileriň başyndan apat indi, ýol hadysalaryna taksiçiler däl, esasan ýollaryň ýaramazlygy sebäp bolýar, ýollary düzetsinler" diýip,ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Taksiçiniň sözlerine görä, ýaşaýjylar hususy taksileri ulanmagy amatly hasaplaýarlar, sebäbi Aşgabatda jemgyýetçilik transporty örän ýaramaz işleýär.

“Bir ýere gitjek bolsaň, islendik awtobusa azyndan 30-40 minut garaşmaly bolýar. Bu gyşyn-ýazyn şeýle. Ýolagçylar aýazly howada galdyrap, tomsuň jöwzasynda kölege gözläp, duralgalarda gaty kösenýärler. Olaryň arasynda garrylar, aýallar we çagalar-da az bolmaýar” diýip, 67 ýaşyndaky aşgabatly pensioner hususy taksilere talabyň uludygyny tassyk etdi.

Mundan başga, bazara gidip-geljek bolsaň, taksi tutanyň has amatly, sebäbi ýaşuly adam ýa aýal maşgala bolsaň, alan zatlaryňy duralgadan öýüňe çenli eliňde göterip gelmek aňsat iş däl diýip, azatlygyň söhbetdeşleri gürrüň berýär.

Aşgabatda hususy eýeçilikdäki ulagynda kireý edýän taksi sürüjilerine azar berilýändigini Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky ýene bir çeşmesi hem tassyklap, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleriniň adaty müşderi ýaly hususy taksilere münýändigini we şondan soňra olary saklaýandygyny aýtdy.

“Raýat eşigindäki PÝGG-niň işgärleri öz hususy ulagynda kireý edýän bir tanyşymyň ulagyna münüp, oňa gitmeli adresini aýdypdyr. Şol adrese baranda, polisiýa işgärleri oňa puly çykaryp beripdir. Kireý edýän tanyşymy puly alandan soňra, ony saklap, polisiýa merkezine alyp gidip, 100 manat möçberinde jerime töledipdirler” diýip, anonim şertde maglumat beren çeşmämiz aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji aprelde içeri işler ministri Isgender Mulikowa ýene bir gezek “berk käýinç” yglan etdi. Mulikow mundan öňem şeýle käýinçleri az almandy.

TDH-nyň maglumatyna görä, Mulikow bu gezek “ýolagçy gatnatmak boýunça ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge ygtyýary bolmadyk käbir sürüjileriň ýol hereketiniň düzgünini gödek bozup, ulag hadysalarynyň, heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolmagy” bilen baglylykda aýyplandy.

Içeri işler ministrine berlen käýinç “Azatlyk” radiosynyň Türkmenistanda bolýan we resmi metbugatda habar berilmeýän heläkçilikli ýol hadysalary hakyndaky nobatdaky habarynyň, tanymal türkmen şahyry we ýazyjysy Amanmyrat Bugaýewiň 3-nji aprelde, taksili Balkan welaýatyndan Aşgabada gelýän wagtynda bolan ýol hadysasynda wepat bolmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

Şol bir wagtda, sürüjilik şahadatnamasyny para berip alýan sürüjileriň hem kändigi, pyýada geçelgesiniň golaýynda gowşan awtomobiliň yzyndan urduryp, pyýada ýol beren sürüjini günäkärläp, dawalaşyp duran hususy taksiçileriň hem duşýandygy aýdylýar.

Şeýle-de, şäher aralaryndaky ýaramaz ýollarda maşyny aşa gaty sürüp, kän gatnaw etmäge synanýan we netijede adam ölümine sebäp bolýan taksiçileriň hem köpüsiniň özlerini günäkär hasaplamaýandygy aýdylýar.

"Adam ölümine sebäp bolan sürüjileriň hossarlary merhumyň ýasa batan maşgalasyna baryp, "berenem alla, alanam alla, bu alladan gelen zat, adamdan däl" diýip töwalla edýärler, häkimiýetler bolsa işi derňemän, para alýarlar" diýip, aýal dogany Aşgabat-Tejen ýolunda, taksi agdarylanda ýogalan raýat Azatlyk radiosyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda heläkçilikli ýol hadysalary, olaryň derňewi, adam ölümine getiren hadysalaryň anyk sebäpleri hakynda metbugatda açyk maglumat berilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG