Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ilçileriniň maşgala agzalary Fransiýada işlemek rugsadyny alar


Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow rus kärdeşi bilen. Arhiw suraty

Türkmenistan we Fransiýa iki ýurduň diplomatik missisýalarynyň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň maşgala agzalaryna iş rugsady bermek hakynda hökümetara ylalaşyga gol çekdi diýip, “Trend” neşiri Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp habar berýär.

Bu dokumente Aşgabatda geçirilen syýasy geňeşmelerden soňra gol çekildi.

Gepleşiklere türkmen tarapyndan daşary işler ministri Reşit Meredow, Fransiýa tarapyndan daşary işler ministri Žan Batist Lemuan ýolbaşçyylyk etdi.

Gepleşiklerde söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmek maslahatlaşyldy.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG