Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainanyň prezidentlige dalaşgärleri stadion çekişmesinde çekişdi


Ukrainanyň iki prezidentlige kandidaty stadionda çekişýär. 19-njy aprel, 2019. Kiýew.
Ukrainanyň iki prezidentlige kandidaty stadionda çekişýär. 19-njy aprel, 2019. Kiýew.

Ukrainanyň iki prezidentlige kandidaty onlarça müň adamly stadionda, goldawçylarynyň şowhunly gykylyklary astynda çekişmä çykyp, bir-birini ykdysadyýetden başlap, giň ýaýran korrupsiýada, Orsýet tarapyndan goldanylýan urşuň möwjemegine çenli ähli zatda aýyplamaga çalyşdy.

Pikir soramalarynyň netijelerinde Wolodimir Zelenskiden yzada galýan iş başyndaky prezident Petro Poroşenko üçin bu çekişme 21-nji aprelde geçiriljek ikinji tapgyr saýlawlardan öň biraz daýanmak üçin iň soňky pursat bolup durýar.

Kiýewiň Olimpiýa stadionynda guralan çekişme süýji-köke kompaniýasynyň arkasyndan baýan tüçjar we öz wezipesini saklap galmaga çytraşýan Poroşenko bilen meşhur telewizion tomaşada toslama prezidentiň roly bilen tanymallyk gazanan satirik Zelenskiniň galmagally saýlaw kampaniýasynyň iň soňky baby bolup durýar.

Stadionda guralan çekişmeden öň we soň hiç bir zorlukly waka habary çykmady. Içeri işler ministrligi bu çärä 22 müň çemesi adamyň gatnaşandygyny aýtdy.

Zelenskiý saýlawlaryň 31-nji martda geçirilen birinji tapgyrynda sesleriň 30 prosentini alyp, 16 % ses alan Poroşenkodan üstün çykdy.

XS
SM
MD
LG