Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen resmileri sanly ykdysadyýet boýunça umumy düşünje almaly edildi


 Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlaýan türkmen resmisi
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlaýan türkmen resmisi

Ylym, bilim, saglygy saklaýyş we sport boýunça wise-premýer 19-njy aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça gurnaljak ýörite okuwlar barada hasabat berdi.

Pürli Agamyradowa 12-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak tabşyrylypdy.

Şunuň bilen baglylykda, TDH-nyň maglumatyna görä, gysga möhletli okuwlaryň programmasy taýýarlanyldy we 1-nji maýda başlanjak okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmagy, sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri hakynda umumy düşünje bermegi maksat edinýär.

Prezident Berdmuhamedow hökümetiň geçen maslahatynda ýurtda sanly ykdysadyýete geçişiň haýallygyny tankyt etdi. Mundan başga, döwlet baştutany ÝOJ-laryň we mekdepleriň mugallymlarynyň hem hünär derejeleriniň ýokarlandyrylmaga mätäçdigini hem boýun alýar.

XS
SM
MD
LG