Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa Pankiside gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna garşy çykan ýaşaýjylar bilen çaknyşdy


Polisiýa Pankiside gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna garşy çykan ýaşaýjylar bilen çaknyşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:33 0:00

Polisiýa 21-nji aprelde Gürjüstanyň Pankisi jülgesinde gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna garşy protest bildirmek üçin ýygnanan ýerli ýaşaýjylar bilen çaknyşdy. Protestçiler özlerine garşy gözýaşardyjy gazy we rezin oklary ulanan polisiýany daşlady. Protestçileriň we polisiýanyň arasynda onlarça adamyň ýaralanandygy barada habar berildi.

Polisiýa 21-nji aprelde Gürjüstanyň Pankisi jülgesinde gidroelektrostansiýanyň gurluşygyna garşy protest bildirmek üçin ýygnanan ýerli ýaşaýjylar bilen çaknyşdy. Protestçiler özlerine garşy gözýaşardyjy gazy we rezin oklary ulanan polisiýany daşlady. Protestçileriň we polisiýanyň arasynda onlarça adamyň ýaralanandygy barada habar berildi. Gürjüstanyň içeri işler ministri Giorgi Gakharia beýleki hökümet resmileri bilen bile bolan wakalaryň ýerine bardy. Pankisi jülgesiniň ýaşaýjylary Khadori-3 gidroelektrostansiýasynyň gurluşygynyň tebigata zyýan ýetirmeginden we özleriniň jaýlaryny terk etmäge mejbur bolmagyndan howatyrlanýarlar. 2018-nji ýylyň martynda başlanyp, soň togtadylan gurluşyk golaýda gaýtadan başlandy we protestlere sebäp boldy.
XS
SM
MD
LG