Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen häkimiýetleri sanly ulgamdan peýdalanmaga niýetlenen ýörite okuwlara gatnaşarlar


Ýygnaga gatnaşýan türkmen resmileri. Illýustrasiýa suraty

2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň guramagynda ýurtda sanly ykdysadyýet boýunça ähli derejedäki ýolbaşçylara niýetlenen möhletli okuwlar öz işine başlar.

Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 19-njy aprelde hökümet resmileri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda wise-premýer Pürli Agamyradow prezidente hasabat berdi.

Türkmen telewideniýesi bu okuwlaryň sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükidirilendigini aýdýar:

“Okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir” diýip, “Watan” habarlar gepleşiginiň alyp baryjysy prezidentiň geçiren sanly wideoaragatnaşygyna salgylanýar.

Türkmen häkimiýetleri “uly şowhun” bilen sanly ykdysadyýete geçýär. Ýurduň döwlet eýeçiligindäki media we metbugat serişdelerinde sanly ykdysadyýet, sanly ulgam, sanly hasaplaşyk, sanly wideoaragatnaşyk ýaly sözler yzygiderli tekrarlanýar. Meselem, TDH-nyň prezidentiň 19-njy aprelde geçiren iş maslahaty barada çap eden habarynda 23 gezek sanly sözi gaýtalanýar.

Türkmen mediasy ýurtda sanly ykdysadyýete geçmegiň konsepsiýasynyň maksadyny şeýle düşündirýär:

“Ähli derejelerdäki döwlet edaralarynyň dolandyryş kuwwatyny we netijeliligini güýçlendirmäge gönükdirilen Konsepsiýada göz öňünde tutulan çäreleriň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy dürli düzümleriň we jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge mümkinçilik berer” diýip, Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Ýöne Türkmenistan sanly ulgamyň iň esasy girewi bolan elektron hökümeti ösdürmekde 2018-nji ýylda 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler baradaky departamentiniň (UN DESA) Durnukly ösüş maksatnamasy baradaky programmasynyň “Elektron hökümete syn 2018” atly hasabatynda 193 ýurduň arasynda dünýäde 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Türkmenistan sanly ykdysadyýete geçýändigini yzygiderli nygtaýar; ýurduň gazet-žurnallarynda, telewizion kanallarynda yzygiderli bu ugurda gepleşikler efire berilýär, maglumatlar çap edilýär. Ýöne synçylaryň aýtmagyna görä ýurtda sanly mümkinçilikleriň gerimi çäkli bolmagynda galýar.

Ýurduň transport ulgamynda, meselem, taksi çagyrmakda, köpçülikleýin transport serişderleriniň biletlerini onlaýn satyn almakda, “Türkmenhowaýollarynyň” uçar biletlerini onlaýn satyn almakda, ýa-da syýahatçylyk pudagynda türkmen wizasyna onlaýn ýüz tutmakda, ýa-da bolmasa Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän myhmanhanalardan onlaýn ýer saýlamakda we sargamakda türkmen häkimiýetleri sanly mümkinçilik hödürlemeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG