Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde "BlackSparc" IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder


Illýustrasiýa suraty

Türkmenistan sanly ulgamlary ösdürmekde Ysraýylyň “BlackSparc” IT kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk eder.

Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty 20-nji aprelde habar berdi.

Maglumata görä, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde 20-nji aprelde “Blacksparc” ysraýyl kompaniýasynyň wekilleri bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirilipdir.

Duşuşyga Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden “Akylly Tilsimat” we “Imdat Elektronika” kompaniýalarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň ýolbaşçylary hem-de ysraýyl kompaniýasynyň wekilleri gatnaşypdyr.

Düýbi Ysraýylyň Rişon LeZion şäherinde ýerleşýän “BlackSparc” maglumat tehnologiýalary (IT) ugrundan iş alyp barýar.

IT ulgamynda ýöriteleşen kompaniýanyň hünärmenleri duşuşyga gatnaşanlary “akylly şäher” we “digital döwlet” ulgamlaryny ornaşdyrmakdaky öz mümkinçilikleri bilen tanyş edipdir.

“Hususan-da, bank ulgamy, saglygy saklaýyş, menzilara okuw, ýasama önümlere garşy göreşmek, mobil operatorlarynyň işi, harytlaryň aýratyn görnüşleriniň belgilenilmegi ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalar göz öňünde tutulýar” diýip, “Trend” Senagatçylar we telekçiler birleşmesiniň habaryna salgylanyp ýazýar.

Türkmenistanda “2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” işlenip düzüldi. Munuň bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlap, Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasynyň guramagynda ýurtda sanly ykdysadyýet boýunça ähli derejedäki ýolbaşçylara niýetlenen möhletli okuwlar hem öz işine başlar.

Munuň bilen bir hatarda, 22-nji aprelde Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň resmi websaýty ýurtda sanly ulgamlaryň kämilleşdirilýändigini aýdyp habar çap etdi.

Habarda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet saýtyna girizilen iş üpjünçiligine degişli täze funksiýa barada maglumat berilýär. Bu maglumata görä, mundan beýläk ýurduň ilaty ministrligiň resmi saýtynyň üsti bilen iş hem-de işgär gözläp bilerler.

Türkmenistanyň Migrasiýa gullugynyň resmi saýtynyň bu habaryny AzerNews, MENAFN ýaly internet neşirleri Trend habar agentligine salgylanyp 23-njı aprelde habar berdi.

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet saýtyndaky Iş üpjünçilik portaly, göräýmäge, kadaly işleýän ýaly. Onuň üsti bilen iş gözlemek üçin elektron hasap bilen saýtda bellige durmaly, soňra welaýata ýa-da hünär ugurlaryna görä iş gözlemek üçin degişli instruksiýalary berjaý etmeli, anketa doldurmaly.

Döwletiň iş üpjünçilik portalynda, meselem, “Daýhanbankyň” Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent şahamçasyna ykdysatçy gözlenýär, ýöne bu iş ornuna degişli zerur maglumatlaryň ählisi görkezilmeýär. Ýa-da meselem Aşgabat şäherinde Damjalaýyn suwaryş ulgamynyň operatory käri boýunça işgär gözlenýär, ýöne dalaşgäriň işlemeli edarasy ýa-da iş ýeriň salgysy görkezilmeýär.

Iş üpjünçilik portalynda ýurt boýunça jemi 35-den gowrak boş iş orunlary görkezilýär, olaryň 26-sy ykdysatçy hünärine degişli boş iş orny bolup durýar. Resmi bolmadyk maglumatlara görä 5 milliondan gowrak ilatly Türkmenistanda işsizligiň derejesiniň 40 - 60 % aralygyndadygy çaklanýar.

Türkmen media we metbugat serişdelerinde ýurtda sanly ulgama geçmek boýunça uly işleriň alnyp barylýandygy habar berilýär.

AzerNews neşiriniň 23-nji aprelde çap eden habarynda Türkmenistanda elektron hökümet sistemasyndan dürli pudaklarda peýdalanmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berilýär.

Geçen ýyl Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler baradaky departamentiniň (UN DESA)Elektron hökümete syn 2018” atly hasabatynda dünýäde 193 ýurduň arasynda 147-nji orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG