Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistanda uruş weteranlaryna we wepat bolanlaryň maşgalalaryna sowgat berler 


Ikinji Jahan Urşunyň tamamlanmagynyň ýyl dönümine bagyşlanan konsert, Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanda uruş weteranlaryna we wepat bolanlaryň maşgalalaryna sowgat gowşurylar. Bu barada 25-nji aprelde prezidentiň kararynda aýdylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow karara gol çekip, welaýatlaryň, şäherleriň, we etraplaryň häkimliklerine 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik watançylyk urşunyň tamamlanmagynyň 74-nji ýyl dönümi mynasybetli Türkmenistanyň prezidentiniň adyndan uruş weteranlaryna, şeýle-de wepat bolan esgerleriň maşgalalaryna pul we gymmatly sowgatlary bermegi tabşyrdy diýip, TDH döwlet habar agentliginiň maglumatynda aýdylýar.

Resmi maglumatda weteranlara beriljek puluň we beýleki sowgatlaryň möçberi anyklaşdyrylmady. Geçen ýyl Türkmenistanda uruş weteranlaryna 200 manat pul sowgatlary gowşurylypdy.

Türkmenistanda uruş weteranlarynyň sanyna degişli statistika maglumatlary elýeterli däl.

Geçen ýylda weteranlaryň sylaglanyşy barada döwlet telewideniýesinde görkezilen reportažda onlarça uruş weterany görkezilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG