Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen weteranlaryna prezidentiň adyndan sowgat gowşuryldy


Arhiwden alnan surat

5-nji maýda Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki habar agentligi II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň “Mekan” köşgünde urşuň yzynda galanlary hormatlamak dabarasynyň geçirilendigini hem-de uruş weteranlaryna prezidentiň adyndan pul sylaglarynyň, gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylandygyny habar berdi.

Читайте также на русском

Döwlet habar gullugynyň maglumatlaryna görä, uruş weteranlarynyň, ýaryny urşa ugradan eneleriň, ministrlikleriň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de beýleki döwlet gurluşlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabarada çykyş edenler “ýaşuly nesil hakynda yzygiderli alada edýändigi, urşa gatnaşanlaryň maşgalalaryna hemişe üns berýändigi üçin” Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdypdyrlar.

Habarda weteranlara gowşurylan pul sylaglarynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň möçberi aýdyňlaşdyrylmaýar. Geçen ýyl Türkmenistanda uruş weteranlary 9-njy maý mynasybetli 200 manat pul sowgatlary bilen sylaglanypdy. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kursy boýunça 1 amerikan dollary 3.5 manada barabardyr.

Geň ýeri, TDH-nyň rus dilinde çap eden degişli resmi habarynda II Jahan urşy “Welikaýa Oteçestwennaýa woýna”, ýagny “Beýik Watançylyk urşy” diýlip ýatlanýar, ýöne şol bir habaryň türkmen dilindäki wersiýasynyň giriş bölüminde bu pajygaly gyrgynçylyga “1941—1945-nji ýyllaryň urşy” diýlip, rus dilindäki habaryň giriş bölüminiň mazmunyndaky ““Welikaýa Oteçestwennaýa”, ýagny “Beýik Watançylyk” sözi agzalmaýar.

Ýöne, Türkmenistanyň prezidentiniň ýeňşiň 73 ýyllygy mynasybetli watandaşlaryna 9-njy maýda iberen gutlagynyň rus dilindäki wersiýasynda-da, onuň türkmen dilindäki terjimesinde-de II Jahan urşuna “Beýik Watançylyk urşy” diýilýär.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň döwlet metbugatynda bu ýyl soňky bäş ýylyň dowamynda ilkinji gezek II Jahan urşunda gazanylan ýeňiş “Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş” diýlip agzaldy.

Geçen ýyl Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň binýadyndaky “Current Time” proýekti ozalky SSSR-iň düzümine girýän ýurtlarda ýeňiş güni mynasybetli weteranlara gowşurylan pul sowgatlarynyň möçberini deňeşdirip, maglumat taýýarlapdy. Şonda Gazagystan her bir weterana 1570 dollar möçberinde pul sowgadyny gowşuryp, beýleki ýurtlardan tapawutlanypdy. 2017-nji ýylda Türkmenistan öz weteranlarynyň her birini 26 dollar möçberinde pul sowgady bilen sylaglap, proýektiň taýýarlan sanawynda iň soňky orny eýeläpdi.

Bu ýyl Gazagystan öz weteranlaryna ýeňiş güni mynasybetli 300 dollardan 1350 dollar aralygynda sylag gowşurdy. Pul sowgatlarynyň möçberi ýurduň regionlaryna görä üýtgeýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda ilkinji gezek bu ýyl 9-njy maý “iş güni” yglan edildi.

Ýurduň resmi metbugatynda çap edilen habarlarda baýramçylyk mynasybetli baýrak gowşurylan weteranlaryň sany agzalmaýar. Şol bir wagtyň özünde, urşa gatnaşan türkmenistanlylaryň umumy sany hem agzalmaýar.

“Hronika Türkmenistan” neşiri ýurduň döwlet teleýaýlymlarynda görkezilen telereportažlara salgylanyp, 36 weteranyň sylaglanandygyny habar berdi.

“Döwlet telewideniýesinde görkezilen telereportažda biz bary-ýogy 36 weterany gördük. Olaryň altysy Aşgabatdan, dördüsi Ahal welaýatyndan, üçüsi Balkan welaýatyndan, ýedisi Daşoguz welaýatyndan, ýedisi Lebap we dokuzysy Mary welaýatyndan” diýip, neşir ýazýar.

Käbir maglumatlara görä, Türkmenistanda 2013-nji ýyla çenli müňe golaý uruş weterany ýaşaýardy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG