Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy: Türkmenistany ‘aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň’ hataryna ýene girizmeli


Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlyklary boýunça komissiýasy 2019-njy ýyl üçin täze hasabatyny çap etdi
Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlyklary boýunça komissiýasy 2019-njy ýyl üçin täze hasabatyny çap etdi

Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berdi.

Halkara din azatlygy boýunça komissiýa 2019-njy ýyl üçin dünýädäki din azatlygynyň ýagdaýyny öwrenip ýaýradan ýyllyk hasabatynda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentine beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistany ýene-de bu ugurda aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşmagy maslahat berdi.

Mundan ozal, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda-da Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti Birma, Hytaý, Eritreýa, Eýran, Demirgazyk Koreýa, Pakistan, Sudan, Saud Arabystany we Täjigistan bilen bir hatarda Türkmenistany din azatlygy boýunça aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşupdy.

Täze hasabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň ýurtda din azatlyklaryna kepil geçýändigi aýdylyp, muňa garamazdan, türkmen kanunçylygynda bu azatlyklaryň çäklendirilýändigine ünsi çekilýär.

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde hasaba duran dini jemagatlar her üç ýylda bir gezek täzeden bellige alynmaly. Hasabat türkmen hökümetiniň maglumatlaryna salgylanyp, 2018-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli Türkmenistanda 103 sünni, 5 şaýy, 12 prawoslaw hristiýan, we başga-da 11, jemi 131 dini guramanyň resmi taýdan hasapda durandygyny belleýär.

Soňky hasabata görä, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dini liderleriň we dine uýýan beýleki adamlaryň Milli howpsuzlyk ministrligine degişli gizlin polisiýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk etmeklerini talap edýär.

“Soňky ýyllarda musulmanlar, protestantlar we Iýegowanyň şaýatlary dini ynançlary we hereketleri sebäpli saklandy, tussag edildi, olara jerime töledildi ýa-da içerki sürgünlige höküm edildi” diýip, hasabatda aýdylýar.

“Syýasy tussaglar, şol sanda dini ynançlary sebäpli tussag edilenleriň käbirleri döwlet türmelerinde “ýitirim bolýar”. Köplenç häkimiýetler olaryň ölendigini tussaglar uzak wagtlap daşky dünýäden üzňelikde saklanandan soň mälim edýärler. “Ýitirim bolanlaryň” köpüsiniň Garagum çölündäki Owadendepe, resmi ady bilen AN-T/2 türmesinde saklanýandygyna ynanylýar” diýlip hasabatda bellenilýär.

Maglumata görä, häkimiýetler “ýitirim edilen” tussaglaryň jesetlerini 2016-njy ýyldan başlap, olaryň hossarlaryna berip başlady, şeýle-de, 2018-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, hökümet Owadandepede “ýiten” belli-belli tussaglaryň, şol sanda yslam ekstremizminde aýyplanan az sanly tussagyň maşgala agzalaryna olary baryp görmäge çäkli görnüşde rugsat berdi.

“2016-njy ýylda Türkmenistanyň resmileri häzirki wagtda Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk yslam din ruhanysy Fethullah Güleniň hereketi bilen ilteşikli Türk-Türkmen mekdepleriniň uçurymlaryndan, ozalky mugallymlaryndan we biznesmenlerden ybarat 150-den gowrak adamy tussag etdi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda, tussag edilenlerden 18 adama ady agzalmaýan terrorçy topara degişli bolmakda günä bildirilip, olar 12 – 25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edildiler” diýlip, Birleşen Ştatlaryň din azatlygy boýunça çap eden soňky hasabatynda aýdylýar. Onda BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça Iş toparynyň 2017-nji ýylyň dekabrynda agzalýan 18 iş boýunça eden-etdilikli höküm çykarylandygyny anyklandygyna ünsi çekilýär.

Hasabatda Türkmenistandaky protestantlaryň we Iýegowanyň şaýatlarynyň hem-de beýleki dini jemagatlaryň öz dini ynançlaryny berjaý etmekde duçar bolýan kynçylyklary barada giňişleýin maglumat berilýär. Olaryň hatarynda häkimiýetleriň sakgal goýberen 40 ýaşyna ýetmedik erkekleriň sakgallaryny mejbury syrýandyklaryna ünsi çekilýär.

Türkmenistan 2014, 2016, 2017 we 2018-nji ýyllarda Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti tarapyndan dini azatlyklar boýunça Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň sanawyna girizildi.

Munuň bilen baglylykda, Birleşen Ştatlary nähili çäreleri gördi? Birma, Hytaý, Eýran, Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlara garşy girizilen sanksiýalar 2018-nji ýylda-da öz güýjünde saklanyp galyndy; ýöne “Birleşen Ştatlaryň möhüm milli bähbitleriniň” talaplaryna esaslanylyp, Türkmenistan, Täjigistan, Pakistan we Saud Arabystanyna egilişik edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG