Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistan Aziýada Ýewropadaky ýaly, bir görnüşli wiza girizmegi teklip edýär


Duşanbä barýan özbek awtobusy

Merkezi Aziýanyň iki postsowet ýurdy – Gazagystan we Özbegistan öz aralarynda Ýewropa ýurtlaryndaky Şengen wizasynyň mysalynda, bir görnüşli “Silk Visa” wizasyny girizmegi niýet edinýär.

Bu çäre Özbegistanda häkimiýet çalşandan soň, regionyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, özara gatnawy ýeňilleşdirmek tagallarynyň çäginde amala aşyrylar.

Özbegistanyň Döwlet syýahat komitetiniň başlygynyň birinji orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ulugbek KasymhojaýewiňCentralasia” neşirine aýtmagyna görä, beýle wizanyň häzire çenli girizilmezliginiň sebäbi bu iki ýburduň beýleki ýurtlar bilen wizasyz gatnaşyga garaýyşlarynyň başga-başga bolmagy bilen bagly.

Kasymhojaýew aziýa ýurtlarynda munuň ýaly multiwizanyň bahalarynyň hem dürli-dürlüdigini we olary birmeňzeş etmek üçin wagt gerekdigini belleýär.

Mundan öň Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wizasyz gatnaşyklara geçmek planlary barada habar berlipdi, Türkmenistanyň bu meseledäki pozisiýasy aýdyň bolman galýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG