Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan “Yslam döwletiniň” onlarça çagasyny Yrakdan watanyna getirýär


84 çagany alyp gelýän “Fly Erbil” uçary 30-njy aprel güni Duşenbede gondy.

Täjigistan Yrakdan 84 çagany watanlaryna gaýtaryp getirdi, olaryň ejeleri “Yslam döwleti” ekstremist toparyna dahyllylykda aýyplanyp, şol ýerde türmede saklanylýar ýa-da deslapky tussaghanada suda garaşýar.

84 çagany we ýetginjegi alyp gelýän “Fly Erbil” uçary 30-njy aprel güni giçlik Duşenbede gondy.

Ol çagalar garyndaşlaryna gowşurylmazlaryndan öň medisina barlagyndan geçiriler.

Täjik hökümeti Kuweýtiň we Yragyň daşary işler ministrlerine, şeýle-de ÝUNISEF-iň Bagdatdaky edarasyna bu çagalary ýurduna getirmekde beren kömegi üçin sag bolsun aýtdy.

Häkimiýetleriň maglumatyna görä, ýüzlerçe täjik raýaty “Yslam Döwleti” toparyna goşulmak üçin Yraga we Siriýa gitdi we Duşenbe hiç bir täjik çagasyny Ýakyn Gündogaryň uruşdan tozan iki ýurdunda galdyrmajakdygyny, sebäbi olaryň uzagyndan howpsuzlyk wehimi bolmagyndan alada edýändigini gaýta-gaýta dile getirdi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda yrak türmelerinde 43 sany täjik aýalynyň bardygy, olaryň ýanynda 95 çaganyň saklanylýandygy aýdylýar.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG