Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow howpsuzlyk mejlisini geçirip, Garagumda 'sürüjilik ussatlygyny' görkezdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 2018 ý. Arhiw suraty
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, 2018 ý. Arhiw suraty

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 30-njy aprelde garagum çölünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi diýip, TDH habar berýär.

Neşiriň maglumatyna görä, mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralaryňýylyňdört aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi.

Emma habarda prezidentiň ýerine ýetirilen işlerden kanagatlanyp-kanagatlanmandygy aýdylmaýar.

Türkmen telewideniýesi Berdimuhamedowyň dikuçarda Garagum çölüne baryp,alty tekerli maşynda ýol geçişini, pyýada gezelenç edişini görkezip, çöl tebigatynyň gözelligini taryplaýar.

“Bahar paslynda yzygiderli ýagan ýagyş bu ýerde sungat eserine çalymdaş şekilleri döretdi” diýip, habarda aýdylýar.

Bu sözler ýurtda dowamly ýagan ýagyşlaryň oba-şäherleriň birnäçesine, şol sanda ekin meýdanlaryna zyýan ýetirip, adamlary tebigy hadysa bilen başa-baş goýan wagtynyň yz ýanynda aýdylýar.

Döwlet eýeçiligindäki media tebigy hadysalaryň döreden başagaýlyklary, hojalyklara ýeten zyýan we ol zyýanyň öwezini dolmak üçin döwlet tarapyndan görülmeli çäreler barada hiç maglumat bermedi.

Döwlet baştutany mejlisiň barşynda «Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakyndaky» permana gol çekdi.

XS
SM
MD
LG