Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Ýakyn Gündogardaky harby serişdelerini artdyrýar


ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Jon Bolton
ABŞ-nyň Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Jon Bolton

Waşington Eýrana “açyk bir görnüşde habar ýetirmek üçin” ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby serişdeleriniň sanyny artdyrýar diýip, Ak Tam maglumat berdi.

Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Jon Boltonyň beren maglumatyna görä, bu karar howsala döredýän ençeme görkezijilerden ugur alnyp kabul edilipdir.

Boltonyň ýaýradan beýanatynda “ABŞ-nyň bähbitlerine ýa-da onuň ýaranlaryna ediljek islendik hüjümiň rehimsiz güýç bilen garşylanjakdygy barada Eýranyň režimine açyk habaryň ýollanýandygy” bellenilýär.

Bolton ABŞ-nyň “Eýranyň režimi bilen uruş islemeýändigini”, emma “islendik hüjüme doly derejede gaýtawul bermäge taýýardygyny” hem nygtady.

XS
SM
MD
LG