Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýada “Aeroflotyň” uçary ot aldy, 41 adam öldi


5-nji maýda uçar adatdan daşary gonuşy amala aşyranyndan soň, onuň fýuzelýažyndan ot ýalynlary we goýy gara tüsse çykyp başlady.
5-nji maýda uçar adatdan daşary gonuşy amala aşyranyndan soň, onuň fýuzelýažyndan ot ýalynlary we goýy gara tüsse çykyp başlady.

Orsýetiň transport ministri Ýewgeniý Ditrih rus ýolagçy uçarynyň ot alyp, Moskwanyň Şeremetýewo aeroportynda gyssagly gonmaly bolanyndan soňra, 41 adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

Suhoý SSJ100 kysymly milli “Aeroflot” kompaniýasyna degişli uçar 5-nji maýda ot alyp, gonmaly bolanynda, bortunda 73 ýolagçy bilen bäş ekipaž agzasy bardy. Uçar adatdan daşary gonuşy amala aşyranyndan soň, fýuzelýažyndan ot ýalynlary pürküp, gara tüsse çykyp başlady.

Moskwada žurnalistlere maglumat beren Ditrihiň aýtmagyna görä, 41 jeset ýangyndan çykarylypdyr. Ol 33 ýolagçynyň we dört ekipaž agzasynyň aman galandygyny aýdyp, aman galanlaryň altysy agyr ýagdaýda diýip sözüniň üstüne goşdy.

Russiýanyň derňew komiteti ot alan uçary derňeýär
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:41 0:00

Habarlarda heläk bolanlaryň arasynda bir ekipaž agzasy bilen azyndan iki çaganyň bardygy aýdylýar.

Ditrihiň bellemegine görä, Orsýet Şeremetýewo heläkçiliginden soňra SSJ100 kysymly uçary ýatyrmaga hiç bir sebäp görenok.

Bu aralykda Orsýetiň derňew komiteti uçuşyň iki ýazgysynyň-da uçardan çykarylandygyny aýtdy.

Komitetiň sözçüsi Swetlana Petrenko salgylanyp, 6-njy maýda berlen habarlarda derňewçileriň heläkçilige sebäp bolan diýip, üç esasy mümkinçilige garaýandygy aýdylýar: uçaryň pilotynyň, howa gatnawyna gözegçilik edýänleriň, uçary gözden geçiren tehnikleriň öz kärini ýeterlik bilmeýändigi, uçaryň näsazlygy we howanyň ýaramazlygy.

Heläkçilik hakda jenaýat işiniň gozgalandygy aýdylýar.

“Aeroflotyň” beren maglumatyna görä, Şeremetýewo aeroportyndan Russiýanyň Murmansk şäherine barýan uçar howa galanyndan soňra, näbelli “tehniki sebäplere” görä yzyna dolanmaly bolupdyr.

Kompaniýa uçaryň motorlarynyň, ozal aýdylyşy ýaly howada däl-de, ýere gonanyndan soňra ot alandygyny aýdýar.

Pilot we ýolagçylar bolsa uçara tupanda ýyldyrym urandygyny aýdýarlar. Uçar heläkçilige uçran mahaly Moskwanyň töwereginde tupan bardy.

Uçar Su-1492 5-nji maýda Şeremetýewodan Murmanska tarap 2 ½ sagatlyk ýola çykypdy.

Uçuş radary 24-di yzarlaýan gulluk uçaryň Moskwanyň töwereginde 45 minut çemesi aýlanansoň gonmaly bolandygyny görkezýär.

“Interfaks” habar gullugynyň bildirmegine görä, uçar ýokary tizlikde bolany üçin ilkinji synanyşykda gonup bilmändir, ikinji synanyşyk hem başa barmansoň, pilot agyr gonuş etmeli bolupdyr.

Sosial mediada ýaýradylan wideolarda ýolagçylaryň uçaryň çişirilen çykyş slaýtlaryndan aşak inip, käbiriniň ýanyp duran uçardan eli bagažly gaçýandygy görünýär.

“Aeroflot” ekipažyň “ýolagçylary halas etmek üçin ähli zady edendigini”, ewakuasiýanyň 55 sekunda çekendigini we “hadysanyň sebäplerini we ýagdaýlary derňemek üçin” bir komissiýa döredilendigini aýtdy.

Ol şeýle hem aman galan adamlaryň kimlerdigini görkezýän bir sanawy çap etdi.

Suhoý kärhanasynyň bellemegine görä, uçar öten aý tehniki taýdan gözden geçirilipdir. “Aeroflot” hem pilotyň uçuş tejribesiniň 1400 sagat çemesidigini aýdýar.

Heläkçilikden soňra birnäçe uçuş Şeremetýewodan başga aeroportlara geçirildi.

Dmitriý Peskow prezident Wladimir Putiniň heläk bolanlaryň maşgala agzalaryna gynanç bildirendigini aýtdy.

Murmanskda üç gün matam yglan edildi.

Orsýetde köp ulanylýan SSJ100 ozal hem bir hadysany başdan geçiripdi. 2012-nji ýylda Indoneziýada bir uçuş görkezişinde uçar daga urup, bortundaky 45 adam öldi.

Muňa garamazdan, “RIA Nowosti” habar gullugynyň bildirmegine görä, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi 6-njy maýda Şeremetýewoda bolan hadysadan soňra hem SSJ100 kysymly uçary ýatyrmakçy däldigini aýdypdyr.

Moskwanyň üç sany esasy halkara aeroporty bar. Olaryň iň ulusy Moskwanyň günorta-gündogarynda ýerleşýän Domodedowo. Ondan soňra paýtagtyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Şeremetýewo gelýär, Wnukowo hem şäheriň günorta-günbatarynda ýerleşýär.

6-njy maýda bolan başga bir hadysada Orsýetiň demirgazygyndaky Norisk aeroportynyň bir işgäri Boeing 737 kysymly uçaryň taýandygyny habar berdi.

Çeşme: “Deslapky maglumatlara görä, bolan ýitgi ýok” diýýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG