Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Stoltenberg Türkiýäniň rus raketa ulgamyny satyn almak planlaryna “alada” bildirdi


NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg we Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu. Ankara. 6-njy maý.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýäniň rus howa hüjüminden goranyş raketa ulgamyny satyn almak planlary sebäpli ýüze çykyp biljek mümkin netijelere alada bildirdi.

Stoltenberg bu barada 6-njy maýda Ankarada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynyň dowamynda çykyş etdi.

Bu Türkiýäniň S-400 ýer-howa kysymly raketa ulgamyny satyn almak baradaky planlary sebäpli Waşington bilen Ankaranyň gatnaşyklarynyň dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.

ABŞ özüniň NATO boýunça ýarany Türkiýä ýüzlenip, S-400 ulgamyny satyn almak boýunça Russiýa bilen ylalaşygyny yza almaga çagyrdy. Waşington bu raketalaryň NATO-nyň ulgamy bilen sazlaşmaýandygyny, şeýle-de olaryň ABŞ-nyň öndürýän F-35 kysymly harby uçarlaryna wehim salýandygyny aýdýar.

Waşington Ankara “Patriot” kysymly howa hüjüminden goranyş ulgamyny satmak baradaky teklibini yzyna alyp biljekdigini, şeýle-de Türkiýäni F-35 harby uçar programmasyndan çykaryp biljekdigini duýdurdy.

Stoltenberg Ankarada eden çykyşynda NATO agza her bir döwletiň haýsy ýaragy satyn almak baradaky karary özüniň çözýändigini belledi.

“Şol bir wagtyň özünde men munuň döredip biljek mümkin netijelerinden aladalanýaryn. Sebäbi, eger-de Türkiýe bu ylalaşygy saklap galsa, onda ABŞ sanksiýalary girizjekdigni açyk aýan etdi” diýip, NATO-nyň başlygy sözüne goşdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG