Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pompeo Russiýanyň we Hytaýyň Arktikadaky “agressiw” hereketleri barada duýdurdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo

ABŞ tebigy serişdelere baý Arktikada Russiýanyň we Hytaýyň “agressiw” hereketlerine jogap edip, bu sebitdäki hereketlerini artdyrar diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo çykyş etdi.

“Bu güýjüň we bäsdeşligiň sebitine öwrüldi. Arktik döwletleriniň sekizsi hem bu täze geljege uýgunlaşmalydyr” diýip, Pompeo 6-njy maýda Finlýandiýada çykyş etdi. Onuň çykyşy Arktik Geňeşine agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň maslahatynyň öňýanyna gabat geldi.

Arktik Geňeşine: ABŞ, Russiýa, Kanada, Daniýa, Finlýandiýa, Islandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa we sebitiň ýerli halklaryň wekilleri hem girýär.

Arktikadaky buzlaryň eremegi ozal elýeterli bolmadyk nebit we gaz ýataklaryny, şeýle-de minerallaryň baý gorlaryny özleşdirmäge mümkinçilik berdi. Munuň netijesinde, golaýdaky döwletler, şeýle-de Hytaý ýaly dünýä güýçleri sebitdäki hereketlerini ýaýbaňladyp başladylar.

“Artikanyň ýabany ýer bolmagy, onuň kanunyň berjaý edilmeýän sebitine öwrülmegini aňlatmaýar. Biz munuň beýle bolmajakdygyna kepillendirmäge taýýar” diýip, Pompeo Finlýandiýanyň Rowaniemi şäherinde çykyş etdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG