Garadag respublikasynyň Ýokary sudy 2016-njy ýylda, ýurduň NATO agzalygy teklibini puja çykarmak niýeti bilen planlaşdyrylan döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň çäginde, ruslardan, serblerden we garadaglylardan bolan 14 adama terrorçylyk we jenaýatçylykly topar döretmek aýyplamalary esasynda höküm çykardy.
Orsýetiň harby aňtaw agentleri diýilýän iki ofiser Garadagyň hökümetini zorlukly agdarmagy gurnamakda aýyplandy we olar gaýybana günäli tapyldy. Olar gaýybana 15 ýyl azatlykdan mahrum edilen Eduard Şişmakow we 12 ýyl azatlykdan mahrum edilen Wladimir Popow.
Garadagyň oppozisiýadaky Orsýete tarapdar Demokratik Frontunyň iki lideri Andrija Mandiçe we Milan Knezeviçe (hersine) bäş ýyldan iş kesildi, garadagly sürüji Mihajlo Cadenoviçe 18 aý türme tussaglygy berildi.
Bu agdarylyşyk synanyşygy üçin Serbiýanyň 9 ýaşaýjysyna ýyl kesildi, iň köp ýyl alan ozalky serb polisiýa generaly Branislav Dikiç boldy, ol 8 ýyl azatlykdan mahrum edildi.
Predrag Bogiceviç we Nemanja Ristiç, ikisi hem serb ultra milletçi toparyndan, gaýybana ýedi ýyldan türme tussaglygyna höküm edildi.
2018-nji ýylyň aýagynda Serbiýanyň Podgorisadaky ilçihanasyna gaçan Branka Miliç üç ýyl aldy, Dragan Maksi 21 aý, Srboljub Dordeviç 18 aý, Kristina Hristiç bolsa şertli tussaglyk aldy.
Garadag respublikasynyň Ýokary sudy bu toparyň 2016-njy ýyldaky parlament saýlawlary mahalynda parlamenti basyp alyp, premýer-ministr Milo Djukanoviçi ýoklap, Orsýete tarapdar ýolbaşçylary häkimiýete getirmegi planlaşdyrandygyny ýüze çykardy.
Jenaýatçy topar
Sud seljerişligine başlyklyk ediji sudýa Suzan Mugosa 9-njy maýda sud edilenleriň ählisi öz üstüne Garadagyň hökümetini zorluk esasynda agdarmakwe, Garadagyň NATO goşulmagynyň öňüni almak niýeti bilen, Demokratik Fronty ýeňiji diýip jar etmek wezipesini alypdyr diýen karara geldi.
Suduň gelen kararyna görä, Mandiç we Knezeviç adam toplamak we, binanyň içine zabt edip girmek maksady bilen, parlament binasynyň öňünde protest geçirmegi taýýarlamak wezipesini öz üstlerine alypdyr.
Mugosanyň aýtmagyna görä, deliller Knezeviçiň üstüne jenaýatçy toparyň daşary ýurtlardaky agzalaryny habarly etmek wezipesiniň hem ýüklenendigini subut etdi. Şeýle-de sudýa onuň bu agdarylyşyga gatnaşjak beýleki adamlary hem hakyna tutmaga razy bolandygyny, ýagny onuň bu wezipäni hem kabul edendigini aýtdy.
Kreml bu işe “Orsýetiň döwlet guramalarynyň” gatnaşandygyny ret etdi.
Garadag 2017-nji ýylyň iýun aýynda NATO-nyň 29-njy agzasy boldy we bu ädim Orsýet tarapyndan berk tankyt edildi. Şeýle-de oňa Moskwa bilen has ýakyn gatnaşyklaryň tarapdary bolan garadaglylaryň käbiri garşy boldy.
Demokratik Front 9-njy maýdaky günäkär hökümi çykarylmazyndan öň öz liderleriniň ýazgarylmagynyň “Garadagyň dolanuwsyz durnuksylaşmak” töwekgelligini döretjekdigini duýdurdy.
Djukanoviç 2018-nji ýylda prezident saýlandy. Onuň sosialistlerden durýan Demokratik partiýasy Garadaga onlarça ýyl bäri ýolbaşçylyk edýär. Emma onuň hökümeti häzir korrupsiýada we awtoritarlykda aýyplaýan protestçileriň yzygiderli guraýan demonstrasiýalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar.