Gazagystanyň geçiş prezidenti 231 sany gazak raýatynyň geçen hepdäniň dowamynda Siriýadan yzyna getirilendigini aýtdy. Ol bu adamlaryň “Yslam döwleti” ekstremist toparyna goşulan ýa-da YD söweşijileriniň çagalary bolan diýip hasaplanýandygyny aýtdy.
Kasym-Žomart Tokaýew 10-njy maýda yzyna gelen gazak raýatlarynyň arasynda 156 çaganyň, esasan alty ýaşdan aşakdaky gyzlaryň we oglanlaryň, şol sanda 18 ýetimiň bardygyny aýtdy.
Tokaýewiň sözlerine görä, olar Siriýadan 7-nji we 9-njy maý aralygynda, Gazagystanyň DIM-i, Milli howpsuzlyk komiteti we “daşary ýurtly hyzmatdaşlar” tarapyndan getirildi.
"Döwlet guramalary we hökümetden aýry guramalar gelen raýatlara kömek bermek üçin zerur bolan çäreleri gördüler. “Olar medisina, psihologiýa we durmuş kömeklerini aldylar” diýip, Tokaýew aýtdy.
Gazak häkimiýetleri ýanwarda Gazagystanyň Siriýadan 47 raýatyny yzyna getirdendigini aýtdylar. Gazak resmileri Merkezi Aziýanyň ýurtlaryndan ýüzlerçe adamyň soňky ýyllarda YD-nyň hatarlarynda söweşmek üçin Yraga we Siriýa gidendiklerini aýtdylar. Olaryň köpüsi YD jeňçileri hökmünde söweşip öldi diýip, resmiler aýtdy.