Türk prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetini tankytlaýan žurnalist telegepleşige gatnaşanyndan gysga wagt soň urlup-ýenildi we hassahana ýerleşdirildi.
“Yenicag” gazeti 11-nji maýda öz synçylarynyň biri Yavuz Selim Demiragyň bäş ýa alty adam tarapyndan, öz öýüniň daş işiginde beýsbol taýaklary bilen urlup-ýenjilendigini aýtdy. Hüjümçiler soňra gaçyp gidipdir.
Hüjümiň sebäbi bada-bat belli bolmady. Emma ýurduň saýlaw komissiýasy Stambulyň häkimini saýlamak üçin 31-nji martda geçirilen ses berişligiň netijelerini ýatyrmak kararyna geleli bäri Türkiýede dartgynlylyk ýokary.
Saýlawlarda oppozisiýanyň kandidaty ýeňiş gazanypdy we bu Erdogan üçin uly zarba boldy. Gaýtadan ses berişlik 23-nji iýuna bellenildi.
Demirag Erdoganyň basyşlary esasynda netijeleri ýatyrylan ses berişlikde ýeňiş gazanan kandidat Ekrem Imamogluny goldaýan koalisiýa degişli partiýany goldaýardy.
Halk Jemhuriýet partiýasynyň, esasy oppozisýa partiýasynyň lideri Kemal Kilicdaroglu žurnalistiň ýerleşdirilen hassahanasyna baryp gaýdanyndan soň, Demiraga edilen hüjümi ýazgaryp çykyş etdi.
"Bir programma gatnaşandygy, öz pikir-garaýşyny aýdandygy ýa-da birini tankyt edendigi üçin žurnalist nädip öldürmek niýeti bilen urlup-ýenjilip biler?” diýip, ol žurnalistlere ýüzlenip aýtdy.
“Türkiýä nirä barýar?” diýip, ol sözüniň üstüni sorag bilen ýetirdi.
Demiragyň saglyk ýagdaýynyňdurnuklydygy, onuň 12-nji maýda hassahanadan goýberilmegine garaşylýandygy aýdylýar.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.
Путин ол "Дворец" мана дегишли дал диййар ,болманда ол озунинкидигини айдармы ?Ол хемише органын стили билен херекет эдйар , ягны хич вагт боюн алмалы далдир дийлен ! Олара гуйч болса ,эдил озлеринин хич бир дунйадаки адамлары,гурамалары адам хасабында гормейишлери ялы ,хич зат сораманы сонкы басышы этмели Кремльин хеммесине , йоне Песковы ятдан чыкарманы ! Шол басышдан сонра оларын барысы халкын онунде ,оларын дызларына чокуп отунч сорар ялы ягдай доретмели!