Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Pakistanyň premýer-ministri pitneçileriň myhmanhana eden hüjümini ýazgarýar


Gwadaryň kartasy

Pakistanyň premýer-ministri pitneçileriň ýurduň günorta-günbatarynda Gwadar şäherinde ýerleşýän kaşaň myhmanhana eden hüjümini ýazgaryp çykyş etdi.

Howpsuzlyk güýçleri 11-nji maýda kiçi ýaragly we granatly “Pearl Continental Hotel” myhmanhana zabt edenlerinden soň, azyndan üç ýaraglyny atyp öldürdi diýip, harby resmiler aýtdy.

Separatist, Bulujystan azat ediş goşuny diýilýän gurama bu hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy we dört hüjümçiniň suratlaryny çap etdi.

"Bu hili synanyşyklar, hususan-da Bulujystanda, biziň ykdysady we ösüş taslamalarymyzy bökdemegiň bir tagallasydyr” diýip, premýer-ministr Imran Hanyň edarasynyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Polisiýa hüjümçileriň binanyň içine kürsäp girenlerinde myhmanhananyň goragçysyny öldürendiklerini aýtdy.

Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri wakanyň bolan ýerine geldi we myhmanlary myhmanhanadan sag-aman çykaryp, hüjümçiler bilen bir sagat dowam eden atyşyga girdi.

Ýurduň garyp düşen ýerleriniň biri bolan Bulujystan welaýatynda ýerleşýän Gwadar port şäheri “Hytaý-Pakistan ykdysady koridory” programmasynyň çäginde Hytaýyň sermaýa taslamalarynyň baýdak göterijisi bolup durýar.

Bu taslama öz içine portlary, aeroportlary, uly ýollary we hassahanalary almak bilen, Hytaýyň Sinjiaň welaýatyny Arap deňzi bilen baglayşdyrmaga nazarda tutýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG