Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň ozalky tussaglaryň hukuklaryny bozandygy barada netije çykardy


Türkmen türmesi. Arhiw suraty
Türkmen türmesi. Arhiw suraty

BMG-niň Adam hukuklary boýunça komiteti Türkmenistanyň Ýegowa şaýatlary dini akymynyň üç wekilini dini edebiýaty saklamakda, dini duşuşyklary geçirmekde we dini ynanjy sebäpli harby gullugy geçmekden ýüz öwürmekde günäli tapyp, ýalňyşlyk bilen türme tussaglygyna höküm edendigi barada karar çykardy. Bu barada dini azatlyklara gözegçilik edýän “Forum 18” neşiri maglumat berýär.

Neşir Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşanda türkmen resmileri Adam hukuklary boýunça komitet bilen işleşýändigini aýdypdyr; emma, Komitetiň netijesiniň ýerine ýetirilip-ýetirilmejekdigi soralanda, olar telefony goýupdyrlar.

Adam hukuklary boýunça komitet iki aýry karary bilen, Ýegowa şaýatlary dini akymynyň üç wyždan ýesiriniň hukuklaryny bozandygy barada netije çykardy.

“Forum 18” neşiriniň maglumatyna görä, türkmen häkimiýetleri Ýegowa şaýatlarynyň ikisini dini ynançlaryny berjaý edendikleri üçin, olara galp pornografiýa aýyplamalaryny ýöňkäp, türme tussaglygyna höküm edipdirler. Wladimir Nurallyýew 2011-nji ýylyň noýabrynda dört ýyl tussaglyga höküm edilip, 2012-nji ýylyň maýynda amnistiýa düşdi. Aýbek Salaýew 2012-nji ýylyň martynda dört ýyl türme tussaglygyna höküm edildi we 2014-nji ýylyň oktýabrynda günä geçişligiň netijesinde azatlyga çykdy.

Tussaglaryň üçünjisi, ýagny Arslan Döwledow dini ynanjy sebäpli harby gullukdan geçmekden ýüz öwürendigi üçin, 2012-nji ýylyň dekabrynda 18 aý türmä höküm edildi.

Geçen aýyň aýagynda, Birleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy Türkmenistandaky din azatlygynyň ýagdaýyna pes baha berip, Döwlet departamentine beýleki käbir ýurtlar bilen bir hatarda Türkmenistany ýene-de bu ugurda aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň hataryna goşmagy maslahat berdi.

XS
SM
MD
LG