Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Eýranyň daşary işler ministri Aşgabada geldi


Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýa 12-nji maýda Aşgabada geldi diýip, Eýranyň IRNA habar gullugy maglumat berýär.

Neşir Eýranyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, sapar wagtynda ýokary derejeli türkmen resmileri bilen hem duşuşyklaryň boljagyny habar berýär.

Duşuşyklarda taraplaryň arasynda dürli ugurlarda guralan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyklaryň barşyna syn berler, şeýle-de energiýa, biznes, transport, gümrük we syýasat ugurlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek hakynda maslahat ediler.

Bellesek, Eýran 2017-nji ýylda türkmen gazyndan ýüz öwürüpdi.

Galyberse-de, ýokary derejeli eýran delegasiýasynyň Aşgabada sapary Waşington bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat geldi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG