Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanyň we Türkmenistanyň halk artisti Artyk Atajanow aradan çykdy


Artyk Atajanow
Artyk Atajanow

Özbegistanyň we Türkmenistanyň halk artisti, belli-meşhur özbek aýdymçysy Artyk Atajanow 72 ýaşynyň içinde aradan çykdy.

Artyk Atajanow 1991-nji ýylda Özbegistanyň, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň we Garagalpagystanyň Halk artisti diýen hormatly ada mynasyp bolupdy.

Horezm aýdymçylyk mekdebiniň görnükli wekili Artyk Atajanow köpýyllyklaryň dowamynda Özbegistanda giň meşhurlyga eýe bolan “Lazgi” aýdym-saz toparynyň sungat ýolbaşçysy bolup işledi.

Atajanow 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda Azatlyk Radiosynyň Pragadaky baş binasynda myhmançylykda bolup, radiostansiýanyň žurnalistleri üçin ýörite konsert berdi.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy Artyk Atajanowy medeniýet we sungat barada çekinmän öz pikir-garaýyşlaryny beýan edip bilen döredijilik işgäri hökmünde ýatlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG