Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzda polisiýa işgärleri agşam sagat 9:00-dan soň köçä çykýan adamlary soraga çekýär


Illýustrasiýa suraty

Demirgazyk Türkmenistanyň administratiw paýtagtynda polisiýa işgärleri agşam sagat 9:00-dan soň köçä çykýan adamlary soraga çekýär.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli gizlinlik şertlerinde 21-nji maýda habar berdi.

Daşoguz şäheriniň Polisiýa departamenti adamlaryň gije köçä çykmagyna degişli dilden hereket çäklendirmelerini girizdi.

“Daşoguzda polisiýa agşam sagat 9:00-dan soň köçä çykýan adamlary saklaýar, olary näme sebäpden gije gezýändikleri barada soraga çekýär. [Oraza aýynda] agyz bekleýän adamlar agzaçardan soň metjide ‘tarawa’ gidýär. Polisiýa olary saklap sorag edýär, “näme üçin gijäň bir wagty öýde oturmaýaň” diýip soraýar” diýip, habarçy aýtdy.

Mundan ozal, 9-njy maýda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki beýleki bir habarçysy köp sanly raýatlaryň “ekstremizm aýyplamalaryndan gorkup” agyz beklemeýändigini, bekleseler-de bu ýagdaýy köpçülikde mälim etmezlige synanyşýandyklaryny habar beripdi.

Halkara hukuk goraýjy guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan raýatlaryň din azatlyklaryny ýiti çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda agzalýar.

21-nji maýda Azatlyk Radiosy bilen Türkiýeden habarlaşan türkmenistanly bir migrant howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertlerde beren maglumatynda Türkmenistanda bolan wagty dini ynanjy sebäpli türkmen güýç edaralarynyň işgärleriniň özüne azar berendiklerini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, gürrüňdeşimiz 1995 – 2000-nji ýyllar aralygynda Türkiýede dini ugurdan bilim alyp, Türkmenistana dolanýar. Ýöne ýaşaýan etrabynyň Milli howpsuzlyk edarasynyň işgärleri hem-de etrabyň Prokuraturasy oňa dini “ekstremizm” haýbatyny atyp, ony dürli kösençliklere sezewar edýär.

Daşoguzda gije sagat 9:00-dan soň girizilen soňky hereket çäklendirmeleri diňe pyýadalara degişli däl. Şäheriň Ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri gije hereket edýän awtoulaglary-da saklap, olary jerime duralgalaryna alyp gidýär.

“Eger är-aýal köçede barýan bolsa, polisiýa olardan Nika şahadatnamalaryny görkezmegi talap edýär” diýip, habarçy aýdýar.

Türkmenistanda resmi nikada duran raýatlar seýilgählere ýa-da beýleki dynç alyş ýerlere gezelenje çykanda köplenç ýagdaýda Nika şahadatnamalaryny ýanlary bilen götermeýär.

“Olaryň polisiýa departamentine äkidilip, gijäni şol ýerde geçiren gezekleri köp bolýar” diýip, habarçy aýdýar.

Azatlyk Radiosy Daşogzuň welaýat we şäher polisiýa bölümleri bilen habarlaşyp, şäherde girizilen agşamky hereket çäklendirmeleri boýunça kommentariý alyp bilmedi.

Bu hereket çäklendirmeleri wagtlaýynmy? Oraza aýynda agyz bekleýän adamlaryň agşamlary metjide gatnamagy seýrekleşensoň, çäklendirmäniň güýji ýatyrylarmy? Bu soraglaryň jogaplary häzirlikçe mälim däl.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosy martyň başynda Türkmenabat şäherinde agşam 9:00-dan soň köçä çykýan adamlaryň polisiýa işgärleri tarapyndan soraga çekilýändigini habar beripdi.

Häkimiýetler gün ýaşansoň ýurduň dürli künjeklerinde girizilýän hereket çäklendirmeleriniň wagtyny ýyl-ýyldan barha öňe süýşürýär. Ozalky ýyllarda ýurduň dürli künjeklerinde, şol sanda, meselem Türkmenabat şäherinde gije sagat 11:00-dan soň adamlaryň köçä çykmagyna gadagançylyk girizilipdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG