Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda ekstremizm aýyplamalaryndan howatyrlanýan ilat agyz beklemekden saklanýar


Aşgabadyň "Ärtogrul Gazy" metjidi

Şu ýyl Türkmenistanda Oraza aýynda agyz bekleýän adamlara has az duş gelse bolýandygyny, muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we adamlaryň arasynda “ekstremizmde aýyplanmak gorkularynyň” sebäp bolýandygyny, Azatlyk Radiosynyň habarçylary aýdýarlar.

“Türkiýe bilen deňeşdirilende Türkmenistanda mübärek Oraza aýynyň ýetip gelendigi o diýen duýulmaýar. Agyz bekleýän adamlar dini ekstremizmde aýyplanmakdan gorkýarlar. Şol sebäpli adamlar agyz beklemejek bolýarlar ýa-da olar özleriniň agyz bekleýändiklerini köpçülikde aýtmajak bolýarlar. Agyz bekleýän käbir ýaşaýjylar 10-15 adam bolup, her gün bir adamyň öýünde ýygnanyp, agzaçar edýärler. Soňra-da metjide gidip, doga-dileg edýärler” diýip, paýtagtdaky habarçylarymyzyň biri anonim şertde 9-njy maýda gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen söhbetdeş bolan dürli ýaşdaky aşgabatlylaryň ençemesi geçen ýyllardaky bilen deňeşdirilende, agyz bekleýän adamlaryň has az göze ilmeginiň sebäplerini ilatyň maddy mümkinçilikleriniň barha ýaramazlaşmagy bilen düşündirýärler.

Ýaşaýjylaryň aýtmagyna görä, agyz bekleýän adamlar selälikde köplenç et, çörek, gök-bakja we süýji önümlerini iýýärler. Ýöne häzirki wagt adamlaryň köpüsi bu harytlaryň käbirini satyn alsa, galan bölegini satyn alyp bilmeýär.

“Şu wagt adamlaryň köpüsi ertirlik çaýynda diňe çörek bilen şekerli çaý içip bilýärler diýsek-de boljak. Adamlaryň köpüsi maşgala eklemekde kynçylyk çekýär. Onsoň agyz bekläniňde, ýeterlik derejede ýokumly azyk önümlerini iýip-içmeseň, güýç-kuwwatyň hem bolmaýar. Öndümli işläp hem bilmeýärsiň” diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Beýleki tarapdan, ol käbir adamlaryň agzaçar bermäge maddy güýjüniň ýetmeýändigi sebäpli hem agyz beklemekden saklanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Oraza aýynda agyz bekleýän adamlaryň dogan-garyndaşlarynyň ýa-da goňşy-golamlarynyň arasynda agzaçar bermelidigi barada ilat arasynda aç-açan aýdylmaýan düzgün bar. Hakykatda agyz bekleýän adamlar agzaçar bermäge borçly däl. Ýöne ýaşaýjylar bu düzgün sebäpli özlerini köplenç borçly duýýarlar. Onsoň adamlaryň köpüsi agzaçar bermejek bolup, agyz beklemeýärler” diýip, Aşgabatdaky beýleki bir habarçymyz aýtdy.

Azatlyk Radiosyna ýokarda gürrüňi edilen ýagdaýlar barada Türkmenistanyň din meseleler boýunça Aşgabatdaky döwlet edarasyndan we Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetinden kommentariýa almak başartmady.

Şu ýyl Türkmenistanyň müftüsiniň müdiriýetiniň Oraza aýynyň haýsy günde başlanýandygy barada ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şol sanda gazetlerinde maglumatyň çap edilendigi hem göze ilmeýär.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilatynyň aglabasy musulmanlardan ybarat Türkmenistanda ýurt ýaşaýjylarynyň 6-njy maýdan agyz bekläp başlandygyny habar berýärler.

Bu ýyl türkmenistanlylar Oraza aýyna ýurtda azyk harytlarynyň gymmatçylygynyň hem-de un, şeker, ösümlik ýagy, çörek we ýumurtga ýaly günübirin ulanylýan önümleriň gytçylygynyň dowam edýän mahalynda gadam basdy.

Oraza aýynyň başlanmagy bilen Türkmenistanyň müftüsi Ç. Seräýew 2019-njy ýylyň Oraza aýynda piträniň mukdary hakynda fetwa çykardy.

Ol karara laýyklykda, bu ýyl Türkmenistanda adamlaryň Oraza aýynda adam başyna berýän pitre sadakasynyň mukdary 5 manat diýlip kesgitlenýär.

Halkara hukuk guramalarynyň birnäçesi Türkmenistany din azatlygyny çäklendirýän ýurtlaryň hatarynda agzap gelýär. Şu ýylyň aprelindeBirleşen Ştatlaryň Halkara din azatlygy boýunça komissiýasy özüniň 2019-njy ýyl üçin ýaýradan hasabatynda Türkmenistany ýene-de “Aýratyn alada bildirilýän ýurtlaryň” hataryna goşmak barada Döwlet departamentine çagyryş etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG