Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly zenan eneke bolup işlän öýlerinden şaý-sepleri ogurlamakda tussag edildi


Stambul şäheri

Türkiýäniň Stambul şäherinde eneke bolup işe ýerleşen öýlerinden gymmat bahaly şaý-sepleri ogurlamakda şübhe bildirilýän türkmenistanly zenan tussag edildi. Bu barada Türkiýäniň media serişdeleri habar berýärler.

“Hürriýet” gazetiniň 21-nji maýda beren maglumatyna görä, Stambulyň Ataşehir we Bakyrköý (Bakırköy) etrapçalarynyň aýrybaşga türk ýaşaýjylary E.Ö. we E.A. polisiýa şikaýat bilen ýüzlenýärler.

Türk polisiýasynyň geçiren derňewleri esasynda bu ýaşaýjylaryň öýünde eneke bolup işe ýerleşen türkmenistanly 35 ýaşyndaky zenan Maftuna S. tussag edilýär.

“Hürriýet” gazetiniň habarynda aýdylmagyna görä, Ataşehir etrapçasynda ýaşaýan türk maşgalasy özüni Dilara diýip tanyşdyran türkmenistanly enekäniň işe ýerleşenden bir gün soň, adamsynyň ýol heläkçiligine uçrandygyny aýdyp, öýden gyssagly gidendigini we şondan soň işe gelmändigini gürrüň berýär. Şondan soňra maşgala öýde bahasy 40 müň türk lirasyna (ortaça $6500) barabar şaý-sepleriň ogurlanandygyny bilip galýar.

Neşiriň habaryna görä, Stambulyň Bakyrköý sebitiniň ýaşaýjysy E.A. hem polisiýa eden şikaýatynda, özüni Fazilet diýip tanyşdyran türkmenistanly enekäni 14-nji aprelde işe alandygyny we onuň özüne gelen ýüki almaga barýandygyny aýdyp, öýden gidendigini gürrüň berdi.

Bakyrköý sebitiniň ýaşaýjysy hem, enekäniň şondan bäri yzyna gelmändigini we bahasy 60 müň türk lirasyna, ýagny ortaça 9800 amerikan dollaryna barabar şaý-sepleriniň ogurlanandygyny aýdyp, polisiýa şikaýat bilen ýüzlendi.

“Bu şikaýatlardan soňra Stambulyň Polisiýa departamenti ogurlyk hadysalary bolan öýleriň golaýyndaky gözegçilik kameralarynyň wideo ýazgylaryny derňediler. Polisiýa işgärleri şübheliniň şahsyýetini anyklap, bu iki zenanyň hem bir adamdygyny aýdyňlaşdyrdy. Polisiýa Stambulyň Beşiktaş etrabyndaky bir restoranda halaşýan ýigidi bilen duşuşandygy kesgitlenen zenany tussag etdi” diýlip, habarda aýdylýar.

22-nji maýda Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Stambulyň Polisiýa departamenti bilen habarlaşdy. Özüni Güwen diýip tanyşdyran türk polisiýa resmisi türkmenistanly Maftunanyň sud öňüne çykarylandan soňra tussag edilendigini we tussaghana iberilendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, türk polisiýa resmisi tussag edilen zenanyň sud işiniň doly tamamlanandygy ýa-da tamamlanmandygy, oňa garşy hökümiň çykarylandygy ýa-da çykarylmandygy barada maglumat bermekden saklandy.

Türkiýe, Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, türkmen zähmet migrantlarynyň eklenç gözleginde iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda türk metbugatynda Türkiýede jenaýata baş goşan, jynsy zorluga sezewar edilen, öldürilen ýa-da ýiten, ten satýan ýa-da ten satmaga mejbur edilen türkmenistanlylar barada ýygy-ýygydan habarlar peýda bolýar.

Şu ýylyň 14-nji fewralynda “işe ýerleşmäge kömek etjek” diýlip Türkiýä getirilen we soňra Stambulda ten satmaga mejbur edilen daşary ýurtly, şol sanda türkmenistanly zenanlaryň 22 sanysy saklanyldy.

Geçen ýylyň 14-nji dekabrynda Türkiýäniň Demirgazyk Kipr sebitiniň Lefkoşa şäherinde türkmenistanly bir adamyň öz çagalaryna esewan edýän baldyzyny zorlandygy habar berildi.

Türkmenistanlylaryň daşary ýurtlarda duçar bolýan ýagdaýlary barada türkmen metbugatynda hiç hili maglumatlar berilmeýär. Bu habarlar barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy hem häzirlikçe kommentariýa bermekden saklanýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG