Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda ozal gurlup ulanylmaga berlen “Maslahatlar merkeziniň” garşysynda täze “Maslahatlar merkezi” gurulýar


Aşgabatda gurluşygy dowam edýän täze "Maslahatlar merkezi"
Aşgabatda gurluşygy dowam edýän täze "Maslahatlar merkezi"

Türkmen hökümeti paýtagt Aşgabadyň günorta çägini kesip geçýän Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň täze “Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumyny” gurdurýar.

Häzirki wagtda bu binanyň gurluşygy dowam edýär. Gurluşygy Fransiýanyň “Buig” (Bouygues Batiment International) kompaniýasy ýerine ýetirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy 22-nji maýda şäheriň günorta sebitine aýlanyp, gurluşygy dowam edýän merkeziň suratyny ugratdy.

Ýöne geň ýeri, Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň tassyklamagyna görä, gurluşygy dowam edýän “Maslahatlar merkeziniň” edil garşysynda başga bir “Maslahatlar merkezi” eýýäm bar.

Habarçynyň iberen maglumatlaryndan mälim bolşuna görä, gurluşygy dowam edýän “Maslahatlar merkeziniň” gurluşygynyň buýrujysy Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň Iş dolandyryş müdirligi bolup, ony ýerine ýetirýän potratçy firma Fransiýanyň “Buig” kompaniýasydyr.

Aşgabadyň günortasynda Bouygues Batiment International tarapyndan bina edilýän “Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň" gurluşygy dowam edýär
Aşgabadyň günortasynda Bouygues Batiment International tarapyndan bina edilýän “Halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň" gurluşygy dowam edýär

Azatlygyň habarçysy gurluşygy dowam edýän “Maslahatlar merkeziniň” gapdalynda gurlup ozal ulanylmaga berlen öňki “Maslahatlar merkeziniň” gurluşygynyň birnäçe ýyl mundan ozal tamamlanandygyny aýdýar.

Google Maps tilsimindäki Aşgabadyň 2019-njy ýylda täzelenen kartasyndan mälim bolşuna görä, Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň binasynyň gapdalynda gurluşygy tamamlanyp, bireýýäm ulanylmaga berlen “Maslahatlar merkeziniň” binasy bar.

Kartadan mälim bolşuna görä, onuň edil garşysynda Arçabil şaýolunyň alkymyndan geçýän 1937-nji köçäniň ugrunda gurluşygy dowam edýän binalar bar. Gyzyl reňkli ýük göteriji kranlar gurluşyklaryň “Buig” firmasy tarapyndan amal edilýändigini görkezýär. Buig firmasynyň Aşgabatda ýerine ýetirýän gurluşyklary onuň ýük göteriji kranlarynyň gyzyl reňkleri bilen tapawutlanýar.

Google Maps tilsiminiň 2019-njy ýylda täzelenen soňky kartasyna görä, Arçabil şaýoly bilen Bekrewe şaýolunyň kesişýän çatrygynda gurluşygy dowam edýän başga-da binalar toplumy bar.

Google Maps tilsimindäki täzelenen kartada Aşgabatdaky täze gurlan we gurluşygy dowam edýän "Maslahatlar zallaryny" görmek bolýar
Google Maps tilsimindäki täzelenen kartada Aşgabatdaky täze gurlan we gurluşygy dowam edýän "Maslahatlar zallaryny" görmek bolýar

Ýerli synçylar ýurtda gurulýan uly-uly binalaryň, şol sanda ministrlikleriň aşa uly gurlan edara jaýlarynyň, kongres zallarynyň, Ak öýleriň, sport desgalarynyň, myhmanhanalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň bir toparynyň köplenç boş durýandygyny aýdyp gelýärler.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 12-nji aprelde geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gurluşygy tamamlanýan desgalaryň käbiriniň boş durýandygyny tassyklady. Ol mejlisde eden çykyşynda gurlup tamamlanýan täze binalaryň “hasapdan hasaba geçirilmän, eýesiz durýandygyny” aýtdy.

Prezident geçen sentýabr aýynyň başynda türkmen paýtagtynyň günortasynda ýerleşýän “Ýyldyz” myhmanhanasy bilen “Nusaý” ýadygärlikler toplumynyň aralygyndaky baýryň üstünde binagärçilik taýdan Parfiýa şalarynyň köşklerine meňzeş täze myhmanhana gurdurmagy tabşyrypdy.

Şol bir wagtyň özünde türkmen metbugatynyň habarlaryna görä, Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän “Çoganly” ýaşaýyş massiwinde-de köp sanly täze ýaşaýyş jaýlarynyň, döwlete degişli edara-kärhanalaryň jaýlarynyň gurluşyk işleri dowam edýär.

Prezident Berdimuhamedow apreliň başynda Gökdepäniň eteginde Ahal welaýatynyň täze administratiw merkeziniň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdy.

Täze "Maslahatlar zaly" Köpetdagyň eteginde ýerleşýär
Täze "Maslahatlar zaly" Köpetdagyň eteginde ýerleşýär

Döwlet metbugatynyň habarlaryna görä, welaýatyň täze administratiw merkezi 70 müň hojalyga niýetlenip, ol tarp ýerden bina edilýär.

Halkara guramalaryň, şol sanda Halkara walýuta fondunyň hünärmenleri Türkmenistana edýän saparlaryndan soň ýaýradýan beýanatlarynda türkmen hökümetine döwlet harçlamalaryny tygşytlamagy maslahat berýär.

Ýöne Türkmenistanda täze jaýlaryň gurluşygy üznüksiz dowam edýär. Olara goýberilýän çykdajylaryň möçberi jemgyýetçilige äşgär edilmeýär.

Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ýurduň regionlarynda ilatyň iýmit önümleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýändigini habar berip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG