Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanly zenan Bolu şäherinde gümürtik ýagdaýda aradan çykdy


Türkiýe. Arhiwden alnan surat

Türkiýe köp sanly türkmenistanlylaryň okamak we iş gözleginde çykmak üçin saýlap alýan esasy ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Şol bir wagtyň özünde, türk metbugatynda Türkiýedäki türkmenistanly zähmet migrantlary barada habarlar yzygiderli peýda bolýar.

Bu habarlarda türkmenistanlylaryň öldürilendigi ýa-da jenaýata baş goşandygy, ten satýandygy ýa-da ten satmaga mejbur edilendigi, jynsy zorluga uçrandygy ýa-da ýitendigi barada habar berilýär.

Şeýle habarlaryň birinde Türkiýäniň Bolu şäherinde 46 ýaşly Oguljan Öwlýakulyýewanyň ýaşaýan öýüniň öňünde huşundan giden ýagdaýda tapylandan soňra, keselhanada aradan çykandygy mälim boldy.

“habertürk” neşiriniň 14-nji aprelde beren maglumatynda bu wakanyň gije sagat 22:00 töwereginde Bolunyň Seýit mähellesinde bolandygy habar berlip, Bolu Abant İzzet Baýsal uniwersitetiniň bilim we derňew keselhanasynda görlen ähli saglyk çärelerine garamazdan, türkmen zenanynyň aradan çykandygyny ýazdy.

“Deslapky netijelere görä, ýüzünde ýaranyň yzy bolan zenanyň öýkeninde çykan näsazlyk zerarly ölendigi anyklandy” diýlip, habarda bellenilýär.

“habertürk” neşiri türk polisiýasyna salgylanyp, türkmenistanly zenanyň ölümine oňa edilen hüjümiň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini, bu waka bilen baglanyşykly derňewleriň dowam edýändigini habar berdi.

22-nji maýda Azatlyk Radiosy türkmenistanly zenan Öwlýakulyýewanyň ölümi bilen ilteşikli geçirilýän derňewleriň tamamlanandygy ýa-da tamamlanmandygy barada Bolunyň Polisiýa departamenti bilen habarlaşdy. Özüni Aýlin diýip tanyşdyran polisiýa resmisi bu barada merhumyň ýakynlaryndan başga hiç kime maglumat berilmeýändigini mälim etdi.

21-nji maýda “Hürriýet” gazetinde çykan beýleki bir habarda Türkiýäniň Stambul şäherinde eneke bolup işe ýerleşen öýlerinden gymmat bahaly şaý-sepleri ogurlamakda şübhe bildirilýän başga bir türkmenistanly zenanyň tussag edilendigi habar berildi.

Şu ýylyň 14-nji fewralynda bolsa, “işe ýerleşmäge kömek etjek” diýlip Türkiýä getirilen we soňra Stambulda ten satmaga mejbur edilen daşary ýurtly, şol sanda türkmenistanly zenanlaryň 22 sanysy saklanyldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň şu ýylyň ýanwar aýynda çap eden “Dünýädäki ykdysady ýagdaý we geljekki mümkinçilikler” atly hasabatyna görä, Türkmenistandaky işsizligiň derejesi 2018-nji ýylda 3,3%-e barabar boldy, emma Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň we ýerli synçylaryň ençemesi ýurtdaky işsizligiň derejesiniň 50-60 prosentden az däldigini aýdýar.

Şeýle-de, olar Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklar, işsizlik, azyk harytlarynyň we hyzmatlaryň gymmatlamagy bilen baglylykda, soňky ýyllarda müňlerçe raýatyň eklenç gözleginde daşary ýurtlara işlemäge gidendiginiň, mätäç adamlaryň, aýallaryň, garrylaryň we çagalaryň gapy aýlanyp, dilegçilik etmeginiň barha kän göze ilýändigini habar berýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG