Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Namanganda akyl taýdan näsag adam 15 ýaly ýetginjegi zorlady


Nаmаngan oblastynyň Çartak etrabyndaky orta mekdebiň direktory Ozodlygyň redaksiýasyna gowşan maglumaty tassyklap, şu ýylyň 12-nji maýynda aýdylýan mekdebiň 8-nji synp okuwçysynyň zorlanandygyny tassyklady.

Namanganyň kanun goraýjylary bu iş boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny aýtdy. Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat gullugyna görä, hadysa Namangan oblastynyň Uýçi raýonynda bolupdyr.

Mekdep direktorynyň «Оzоdlyga» aýtmagyna görä (mekdep direktorynyň we zorlanan ýetginjegiň at-familiýalary redaksiýa mälim), zorlanmazyndan öň 8-nji synp okuwçysy erbet ýenjilipdir.

– Hadysa ýetginjek daýysynyň öýünden gaýdyp gelýärkä bolupdyr. Häzir oglan keselhanada. Men onuň bilen görüşdim. Onuň tutuş ýüzi hem bedeni gök tegmilden doly. Bir günden soň ony keselhanadan çykarsalar gerek. Hukuk goraýjylar eýýäm derňew işine başladylar. Jenaýatçy eýýäm tutulyp, onuň garşysyna jenaýat işi gozgaldy. Onuň öňem birini zorlamakda tussag edilendigi mälim boldy. Mekdebiň psihology hem oglan bilen gürleşdi. Pedagogik kollektiw oglanyň ruhy çökgünlige düşmezligi üçin jogapkärçiligini bilýär – diýip, mekdep direktory aýtdy.

Namanganyň hukuk goraýjy guramalarynyň redaksiýa bilen gürrüňdeş bolan işgäri üstünden iş gozgalan jenaýatçynyň adyny mälim etmedi. Ýöne eýýäm 15 ýaşly ýetginjegi zorlanyň üstünden jenaýat işi açyldy.

– Bu eden işi üçin jenaýatda aýyplanýan ahyrky möhleti alar, ýagny jebir çeken entek kämillik ýaşyna – 18-e ýetmedik. Ol şuňa meňzeş jenaýat bilen eýýäm oturyp çykypdyr – diýip, hukuk goraýjy organyň işgäri aýdýar.

«Оzodlygyň» reportýorlaryna okuwçynyň hossarlary bilen gürleşmek başartdy. Özüni ol oglanyň ýakyny diýip tanadan Çartak etrabynyň ýaşaýjysynyň aýtmagyna görä, jenaýatçy 15 ýaşly oglany iş tapyp berjek diýip, aldawa salypdyr.

– Owaly bilen ol oglandan kerpiç örüp bilýändigini sorapdyr, bu iş üçin hak tölejegini aýdypdyr. Ol oglany aldawa düşürenden soňra, ony zorlamaga çalşypdyr. Oglan güýçli garşylyk görkezipdir. Onsoň jenaýatçy ony huşundan gidýänçä urupdyr – diýip, jebir çekeniň hossarlaryndan biri biziň habarçymyza aýdýar.

Zorlanan ýetginjegiň ýatan keselhananyň doktorlaryndan biriniň Radiomyza aýtmagyna görä, oglanyň bedeninde gematomalar - ganöýme bolsa-da, bu onuň ömrüne howply däl. Wraçyň sözüne görä, ahyrky netijede onuň zorlanandygyny sud-medisina ekspertizasy kesgitleýär.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 8-nji synp okuwçysynyň zorlanmagy Namangan oblastynyň Uýçi raýonynda bolupdyr. Bu jenaýat işi boýunça şol raýonyň hukuk goraýjy guramalarynyň işgärleri derňew alyp barýarlar.

Metbugat gullugynyň maglumatyna görä, ýetginjegi zorlan adam akyl taýdan keselli bolmaly.

Ýatlatsak, Özbegistanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň zorlanandygy barada «Ozodlyk» öň hem habar beripdi.

2018-nji ýylyň awgustynda biziň radiomyz Daşkent şäherindäki Şaýhantahur etrabynyň № 343 çagalar bagynyň garawuly şol çagalar bagynda terbiýelenýän 6 ýaşly çagany zorlap, türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG