Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Enesiz durmuşyň meniň üçin manysy ýok”


Arhiw suraty

«Bilýän, özüňi öldürmek – agyr günä, ýöne enesiz durmuşyň meniň üçin manysy ýok» diýip, 32 ýaşyndaky Muhammad Murodow ölmezinden öň galdyran hatynda ýazýar.

Ýaş adamyň Rudaki etrabynyň Istiklol - 3 mähellesinde ýerleşen öýünde özüni asandygy 18-nji maýda mälim boldy. Goňşularyň ählisi häzire çenli-de bolan hadysadan agyr sarsgynda, olar Muhammadyň beýle kesgin herekete gitmegine düşünip bilmeýärler.

Rudaky etrabynyň prokuraturasy bu iş boýunça jenaýat işiniň açylandygyny habar berdi. Derňew dowam edýär. Merhumyň hossarlarynyň aýtmagyna görä, Muhammad 62 ýaly ejesi ýogalandan 5 gün soňra öz ömri bilen hoşlaşypdyr. Onuň ejesi süýji keselinden ejir çekýän eken.

Merhumyň uly aýal dogany Saýohat 19-njy maýda Radio Ozodi bilen gepleşende, onuň dogany ejesini aşa söýýän ekeni hem oňa bagly bolupdyr.

“Ölmezinden öň ýazyp, diwara berkiden hatynda Muhammad: «Bilýän, özüňi öldürmek – agyr günä, ýöne enesiz durmuşyň meniň üçin manysy ýok. Jaý goý meniň doganyma galsyn. Meniň ejeme diri wagtynda ýardam edenleriň we ölensoň kömek berenleriň ählisine minnetdar. Men bu dünýäni 2019-njy ýylyň 18-nji maýynda; 05:50-de terk edýän». Ol hat häzir derňew işine berkidildi” diýip, gürrüňdeşimiz aýdýar.

Aýal doganynyň sözüne görä, Muhammad öýlenmäge-de ýetişmändir. Gazanç üçin iki gezek Orsýete gidipdir, ýöne ejesini küýsäp, tiz yzyna dolanypdyr we işden boş wagtynyň ählisini ejesi bilen geçirýän eken. Ol hususy kireýkeşlik edýän ekeni, ýöne golaýda maşynyny satypdyr.

Şol gün ýurduň beýleki sebitinde Sogdiý oblastynyň Dewaştiç etrabynda, 13 ýaşy Şahboz Şaraf öz janyna el göterdi. ‘Durmuşyň ownuk aladalary’ sebäpli ýetginjek öýlerindäki saraýda özüni asypdyr, bahana atasy oňa ejesi bilen Istarawşan bazaryna haryt almaga gitmäge rugsat bermändir.

Şahbozyň hossarlary köp ýyllap Orsýetde gazanç gözleginde bolansoňlar, onuň terbiýesi enesiniň hem atasynyň üstünde eken. Onuň ejesi takmynan iki aý çemesi mundan öň migrasiýadan dolandy, kakasy bolsa ogluny jaýlaşmaga gelip bildi.

Psihologlaryň aýtmagyna görä, ýetginjekler hem ýaşlar durmuşdaky güýçli duýguly sarsgyny öz hasaplary bilen kesgitleýärler.

Psiholog Mahmudşo Kabirowyň sözüne görä, öz janyňa kast etmek Muhammadyň mysalynda hem şeýle bolandyr, özüne iň golaý adamyň ýitmegi onuň üçin durmuşyň manysyny ýitirýär. Eger şeýle ýagdaýda adam goldaw duýmasa, köp ýagdaýda öz janyna el gatýar. “Maşgala wraçlary şeýle maşgalalary öz kontrolyna almaly, agyr ýagdaýynda olar bilen gepleşip, bilermene ýüzlenmegi düşündirmeli” diýip, ol aýdýar.

Şahboz ýaly ýetginjekler ahyrky netijelere akyl ýetirmezden; maşgala agzalary tarapyndan öz isleg-höweslerini nazara alynmadyk, bir ynsan hökmünde hormatlanmadyk saýyp, beýle agyr işe baş goşýarlar.

Hökümetiň birnäçe gezek duýdurandygyna we özüňi öldürmek ýaly çäreleriň aradan aýrylmagy üçin iş alyp barandygyna garamazdan, bu agyr ýagdaý täjik jemgyýetinde dowam edip gelýär.

Resmi maglumata görä, 2018-nji ýylyň geçen 9 aýynda ýurtda 440 adam öz janyna kast edipdir, olaryň köprägi aýallar hem gyzlardyr. Öz janyňa kast etmegiň sebäpleri dürli: maşgala meseleleri, psihiki sarsgyn hem agyr ykdysady ýagdaý.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG