Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde ýiten türkmenistanly gyz 'dekanat bilen oňuşmazlykdan' soň özüni heläkledi


Mukaddes Nasyrlaýewa (https://kyiv.npu.gov.ua-nyň suraty)

Ýanwar aýynyň aýagynda ýitirim bolan türkmenistanly student Mukaddes Nasyrlaýewa Kiýewdäki Paton köprüsinden özüni suwa taşlap, janyna kast etdi, gyzyň hossarlary dekanaty günäkärleýär diýip, “Fakty” neşiri habar berýär.

M.Nasyrlaýewanyň gözlenilýändigi baradaky habar ilki 13-nji fewralda, Kiýew polisiýasy tarapyndan ýaýradyldy, şonda onuň soňky gezek 30-njy ýanwarda, agşam sagat 17.07-de "Politehniki institut' metro stansiýasynda görlendigi aýdylýardy.

Bogomolsa adyndaky Milli medisina uniwersitetinde okan 18 ýaşly gyzyň ölümi baradaky anyk maglumat Kiýewdäki türkmen diasporasynyň başlygy Röwşenbek Rozmetow tarapyndan ýaýradyldy.

"Görlüp oturylsa, betbagtlyk baryp 30-njy ýanwarda, Mukaddesiň ýitirim bolan gününde bolupdyr... Indi onuň “Dnepr” stansiýasynda metrodan çykandygy we şol ýerden pyýadalap Paton köprüsine barandygy hem-de köprüden derýa bökendigi mälim boldy” diýip, Rozmetow habar berdi.

Şeýle-de ol, wideokamera gözegçiliginiň ýazgysyna görä, gyzyň köprüde ýeke bolandygyny, gapdaldan maşynlaryň geçendigini, ýöne köçe garaňky bolansoň, gyzy hiç kimiň saýgarmandygyny gürrüň berdi.

Röwşenbek Rozmetowyň sözlerine görä, gyzyň jesedi heniz hem tapylanok, ýöne gözleg işleri dowam etdirilýär.

“Men, ene-atasynyň wekili hökmünde, indi “Özüňi öldürmäge ýetirmek” bilen “Bilkastdan adam öldürilmegi” boýunça jenaýat işiniň gozgalmagyny haýyş edip, polisiýa ýüz tutaryn” diýip, Rozmetow aýdýar.

“Fakty” neşiriniň ýazmagyna görä, student gyz bilen Bogomolsa adyndaky Milli medisina uniwersitetiniň dekanynyň orunbasarynyň arasynda düşnüksiz ýagdaý döredýär. Mukaddesiň üç aýlyk okuw wizasynyň möhleti gutarýar we onuň oturym rugsadyny almagy gerek bolýar. ÝOJ-da daşary ýurtly studentleriň hasaba alynmagyna dekanat jogap berýär.

Mukaddesiň doganoglan uýasynyň gürrüň bermegine görä, Mukaddes Türkmenistanyň ilçihanasyna Ukrainada oturym rugsadyny almak meselesinde ýardam berilmegi barada fakultetiň dekany tarapyndan tassyklanan arza bilen ýüz tutmaly eken. Emma dekanyň daşary ýurtly studentler boýunça orunbasary, näme üçindir, studentiň arzasyna gol çekmekden ýüz öwürýär we ony ýyrtýar.

Aýdylmagyna görä, bu waka Mukaddesiň ýitirim bolmagynyň bir hepde öňünden bolupdyr.

“Dekanyň orunbasarynyň bolşy geňdi, student gyz özünden näme islenýändigine düşünmedi” diýip, “Fakty” neşiri belleýär.

Şeýle-de neşir, oturym rugsadyny alyp bilmedik ýagdaýynda, Mukaddesiň okuwdan çykaryljagyna düşünendigini ýatladýar.

Mundanam başda, Türkmenistanyň ilçihanasynyň student gyz babatda eglişige gidendigi, oňa uniwersitetden hat getirmegi we soňra Ukrainada bolmak düzgünini bozany üçin jerime tölemegi teklip edendigi bellenilýär. Mukaddesiň ene-atasy bu jerimäni tölemäge taýýar eken. Emma gyza dekanatdan zerur bolan haty almak başartmandyr.

Ukrain neşiriniň tassyklamagyna görä, Mukaddes 30-njy ýanwarda, özüni heläklemezinden öň hem, meseläni çözmek umydy bilen, dekanyň orunbasaryna ýüz tutupdyr.

“Olaryň arasynda nähili gürrüň bolany belli däl, şondan soň gyz ýitirim boldy, onuň telefony öçürildi” diýip, “Fakty” ýazýar.

Röwşenbek Rozmetowyň sözlerine görä, gyzyň ene-atasy onuň dekanyň orunbasary bilen oňuşmazlyk sebäpli özüni öldürendigini çaklaýar.

“Mukaddes gowy okaýardy, stomatolog bolmagy arzuw edýärdi. Ol öz janyna kast etjek gyz diýip boljak däldi. Biz bu işi beýle goýmarys” diýip, Rozmetow aýtdy.

Azatlyk radiosy 16-njy fewralda Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy bilen habarlaşyp, bu mesele boýunça ukrain häkimiýetleri bilen edýän hyzmatdaşlyklary barada soranda, ilçihananyň konsuly Rejebow türkmenistanly diňleýjilere anyk maglumat bermekden boýun gaçyrdy.

“Elbetde, hyzmatdaşlyk edýäris. Gynansak-da, gizlin derňew işi bolany üçin, men bu barada size hiç hili maglumat berip bilmeýärin. Sebäbi olar bize-de ähli zady aýtmaýarlar” diýip, Rejebow Azatlyk radiosy bilen gysga telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

“Türkmenistanyň alternatiw habarlary” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýewiň 16-njy fewralda Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, türkmen studenti ýitirim bolandan soň onuň Türkmenistandaky hossarlary, şol sanda kakasy Kiýewe geldi. Ýöne neşiriň olar bilen habarlaşmak synanyşyklary başa barmady.

Mundan ozal "Fakty" neşiri ýiten Nasyrlaýewa üçin pul soralandygyny habar berdi, emma soň bu kezzaplaryň iberen maglumaty bolup çykdy. ​

(“Fakty” neşiriniň makalasy esasynda taýýarlandy.)

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG