Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prokuratura türkmenistanly studentiň ykbalyny 'öz janyna kast etmäge itermek' maddasynyň esasynda derňeýär


Kiýewde ýitirim bolan türkmenistanly Mukaddas Nasyrlaýewanyň gözlenýändigi hakynda bildiriş
Kiýewde ýitirim bolan türkmenistanly Mukaddas Nasyrlaýewanyň gözlenýändigi hakynda bildiriş

30-njy ýanwarda Kiýewde ýitirim bolan türkmen studenti Mukaddas Nasyrlaýewa köprüden derýa böküp, öz janyna kast etdi.

Kiýewiň prokuraturasy Mukaddas Nasyrlaýewanyň işini “adamy öz janyna kast etmäge itermek” maddasynyň esasynda derňeýär.

Ukrainadaky türkmen diasporasynyň ýolbaşçysy aklawçy Rowşanbek Rozmetowyň maglumatyna görä, Mukaddas Ukrainada galmagy üçin rugsadyň uzadylmagyna zerur dokumenti okan ýokary okuw jaýynda alyp bilmänsoň öz janyna kast edipdir.

Rowşanbek Rozmetow 18 ýaşly student gyzyň ýitirim bolmagy bilen baglylykda onuň maşgalasynyň kömek sorap ýüz tutaly bäri öz derňewini geçirýändigini Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.

Rozmetow 19-njy fewralda Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde Mukaddas Nasyrlaýewanyň köprüden aşak bökmeginiň wideo kameralara düşürlendigini, bu wideo ýazgylary özüniň görendigini aýtdy, emma onuň jesediniň tapylmandygyny belledi.

M.Nasyrlaýewanyň gözlenilýändigi baradaky habar ilkinji gezek 13-nji fewralda, Kiýew polisiýasy tarapyndan ýaýradyldy, şonda onuň soňky gezek 30-njy ýanwarda, agşam sagat 17.07-de "Politehniki institut” metro stansiýasynda görlendigi aýdylýardy. Emma yzýany, onuň “Dnepr” metro stansiýasynda çykyp, ol ýerden Paton köprüsine çenli pyýada ýöräp, köprüden derýa bökendiginiň anyklanandygy habar berildi.

Aklawçy Rozmetow bu ýagdaýyň 30-njy ýanwarda studentiň öz okan ýokary okuw jaýyndan çykmagynyň yzýany bolandygyny aýtdy.

“Men bu ýagdaýyň sebäbini diňe çaklap bilýärin. Bu ýagdaýa A.A.Bogomoles adyndaky Milli medisina uniwersitetiniň dekanynyň orunbasary bilen söhbetdeşlik sebäp boldy. Edil şol gürrüňdeşlikden soň ol göni betbagtçylygyň bolan ýerine bardy”, diýip Rozmetow gürrüň berdi.

Şol söhbetdeşligiň mazmunynyň jikme-jikleri student gyzyň aklawçysyna, garyndaşlaryna we hossarlaryna nämälim galýar.

Rozmetowyň sözlerine görä, Mukaddas Nasyrlaýewany möhleti dolan wizasy bilen bagly problema alada goýýardy.

Kiýewiň A.A.Bogomoles adyndaky Milli medisina uniwersitetiniň 30 ýanwarda ýitirim bolan studentiniň ukrain wizasynyň tamamlanandygy, emma ýurtda galmak üçin wagtlaýyn rugsady almak üçin oňa okan ýerinden degişli dokumentiň gerek bolandygy habar berlipdi. Ukrainanyň käbir media serişdeleri dörän meseläni çözmegiň ýokary okuw jaýynyň daşary ýurtly studentler bilen işleşmek boýunça dekanyň orunbasary Tatýana Timohinanyň jogapkärçiliginde bolandygyny habar berdi.

Käbir ukrain media serişdeleri, “näme üçindir ýokary okuw jaýynyň resmisi studentkanyň arzasyna gol goýmakdan ýüz öwürdi we ony ýyrtdy” diýip habar berdi.

Student gyzyň okan uniwersitetiniň ýolbaşçylygy Nasyrlaýewanyň hadysadan öň okuwdan çykarylandygyny aýdýar. A.A.Bogomoles adyndaky Milli medisina uniwersitetiniň resmi websaýtynda 19-njy fewralda çap bolan beýanatda student gyzyň wizasynyň möhletiniň dekabrda gutarandygy, şu sebäpden onuň okuwdan çykarylandygy aýdylýar.

“Gynansak-da, Mukaddas MMU-dan migrasion kanuny bozandygy üçin çykarylypdy. Onuň wizasynyň möhleti 17.12.2017 ýylda doldy. Şol wagta çenli Nasyrlaýewa rugsadyny düzetmedi we täze wizany almak üçin Türkmenistana gitmedi. 18-nji ýanwarda medisina uniwersiteti Mukaddas Nasyrlaýewa bilen şertnamany onuň migrasion kanuny bozandygy sebäpli ýatyrýandygyny habar berdi, 24-nji ýanwarda onuň uniwersitetden çykarylýandygy hakyndaky karara gol çekilendigi barada, sebäbi, ýagdaýyň üýtgemändigi ikinji gezek şahsy taýdan habar berildi” diýlip, resmi beýanatda aýdylýar.

Aklawçy Rozmetow Mukaddasyň ýokary okuw jaýyndan çykarylandygy hakynda onuň garyndaşlarynyň we hossarlarynyň ýakyn günlerde uniwersitetiň ýolbaşçylaryndan ilkinji gezek eşidip galandygyny belledi.

A.A.Bogomoles adyndaky Milli medisina uniwersitetiniň prorektory Ýelena Styçenko Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde kommentariý bermekden ýüz öwürdi. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, dekanyň orunbasary Tataýana Timohina wezipesinde işlemegini dowam etdirýär. Timohinanyň özi bilen habarlaşmak boýunça synanyşyklar başa barmady.

19-njy fewralda Kiýew şäheriniň prokuraturasy Mukaddas Nasyrlaýewanyň işiniň kwalifikasiýasyny üýtgedip, onuň “adamy bilkastlaýyn öldürmek” maddasyny “adamy öz janyna kast etmäge itermek” maddasyna çalyşdy.

“Maddanyň kwalifikasiýasyny üýtgetdiler. Men suddan öňki derňewleriň jikme-jik geçirilmegini we ýokary okuw jaýynyň daşary ýurtly studentler boýunça dekanatynyň hereketlerine kanun esasynda baha berilmegini gazanaryn” diýip Rowşanbek Rozmetow aýtdy.

Azatlyk Radiosy Kiýewde ýitirim bolan türkmenistanly student 18 ýaşly Mukaddas Nasyrlaýewanyň ykbaly boýunça ýagdaýy yzarlamagyny dowam etdirýär.

XS
SM
MD
LG