Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropadaky saýlawlarda esasy partiýalar agalygyny ýitirip, aşa sagçylar we biznes tarapdarlary köp ses gazandy


"Brexit partiýasynyň" lideri Nigel Farage
"Brexit partiýasynyň" lideri Nigel Farage

Ýewropada geçen parlament saýlawlary esasy merkez-sag we merkez-sol partiýalaryň öz agalygyny ýitirip, daşky gurşawy goraýanlaryň, aşa sagçylaryň we biznes tarapdarlarynyň köp ses gazanmagy bilen Ýewropa Bileleşiginde syýasy ýagdaýlaryň üýtgändigini görkezýär.

27-nji maýda beriljek netijeler uzak wagt bäri düýpli ornan Ýewropanyň halk partiýasy bilen sosialistleriň indi gazanan köplük orny bolmaz diýip çaklamaga esas döredýär.

Ýewropa parlamentiniň maglumatyna görä, aşa sagçy güýçleriň we milletçileriň alan sesleri köp bolsa-da, ýaşyllar bilen liberallaryň gazananlarynyň güýçli artmagy Ýewropa Bileleşigini güýçlendirmäge ygrarly partiýalaryň parlamentdäki orunlaryň üçden iki bölegini, ýagny 751 orunuň 505-ni saklap galandygyny aňladýar.

Liberallaryň gazanan orunlarynyň 100 çemesi we ýaşyllaryň orunlarynyň hem 70 töweregi bolmagy bu toparlaryň täsiriniň artjakdygyna, däp boýunça agdyklyk edip gelen merkez-sag we merkez-sol partiýalaryň täsirleriniň bolsa gowşajakdygyna şaýatlyk edýär.

Ýöne netijeleriň Fransiýanyň Marine Le Peni we Italiýanyň Matteo Salwinisi ýaly aşa sagçy syýasatçylaryň Ýewropa Bileleşigini özara has ýakynlaşdyrmak baradaky synanyşyklary söküp taşlamak baradaky umytlaryny hem başa bardyrmazlygy mümkin.

Ýaşyl partiýalar Ýewropanyň iň uly döwletlerinde, şol hatarda Germaniýada sesleriň 20 prosentini, ýagny 2014-nji ýylky Ýewropa saýlawlarynda gazananynyň iki essä golaýyny almak bilen uly üstünlige eýe boldy.

‘Ýaşyl tolkun’

Tutuş Ýewropa boýunça deslapky netijeleriň görkezmegine görä, ýaşyllar jemi 69 orun gazanar. 2014-nji ýylky Ýewropa saýlawlarynda gazanylan bolsa 52-di.

Bu bolsa ýaşyllara Ýewropa Bileleşiginiň tarapyny çalýan, ýöne doly köplük gazanyp bilmedik beýleki partiýalar bilen ýaranlyk ugrunda geçirilmegi mümkin gepleşiklerde güýçli pozisiýany eýelemäge mümkinçilik berer. Ýewropanyň merkez-sag Halk partiýasy (EPP) topary 179 orun we Sosialistleriň progressiw ýaranlygy bilen Demokratlaryň (S&D) hem gazanany 152 orun bolar diýlip çaklanýar.

Fransiýanyň esasy Ýewropa Ekologiýasy, ýagny ýaşyllaryň kandidaty Ýannik Jadot “ýaşyl tolkun, ondaky esasy aktýorlar hem biz” diýip, netijeleri gutlady.

27-nji maýda Ýewropanyň halk partiýasy bilen sosialistleriň ýolbaşçylary Ýewropa Bileleşigine garşy partiýalar bilen hyzmatdaşlyk etmejekdiklerini aýtdylar. Bularyň ikisi-de Ýewropanyň tarapdary bolan partiýalary özara hyzmatdaşlyga çagyrdylar.

26-njy maýda merkez-sag toparyň başlygy Manfred Weber: “Güýçli Ýewropa Bileleşigini isleýänler indi güýç birikdirmeli” diýdi.

Weber öz toparynyň “Ýewropa Bileleşiginiň geljegine ynamy ýok hiç bir partiýa bilen” hyzmatdaşlyk etmejekdigini aýdýar.

Ýewropa Bileleşiginiň ýerine ýetiriji komissiýasyndaky ýokary iş orny üçin Weberiň esasy bäsdeşi bolan sosialist demokratlaryň lideri Frans Timmemans “Ýewropalylarymyzyň ymtylyşlaryna, isleg-arzuwlaryna, kämahal hem olaryň gorkularyna degişli programmalary düzmek ugrunda” progressiw partiýalar bilen bile işleşmek isleýändigini aýdýar.

Fransiýada birinji orny eýelän Le Peniň Milli Rally partiýasy Ýewropa Bileleşiginiň tarapdary bolan we merkezçi syýasatçylar tarapyndan kampaniýa alyp baran prezident Makrony simwoliki taýdan ýeňlişi uçratdy.

Pikir soralyşyklara görä, Le Peniň partiýasy sesleriň 24 prosentini alar, Makronyň merkezçi ýaranlygynyň gazanany bolsa 22.5 prosent bolar.

Le Pen Makrony Ýewropa ses berişliginiň netijelerini nazara alyp, fransuz parlamentini dargatmaga we täze ses berişlige gidilmegini yglan etmäge çagyrdy. Ýöne bu teklip fransuz hökümeti tarapyndan şol bada ret edildi.

Ses berişlige ýokary derejede gatnaşylmagy

Milli Rally özüni ýeňiji diýip yglan etse-de, gutarnykly netijeleriň garjaşyk bolmagy mümkin.

Syýasy analitigler Le Peniň partiýasynyň 2014-nji ýyldaky Ýewropa saýlawlarynda Fransiýada sesleriň 24.9 prosentini alandygyna salgylanyp, onuň ýagdaýynyň gowşamagy mümkin diýýärler.

Makronyň ýaranlary saýlaw netijesini “ähtibarly” atlandyryp, aralygyň uzak däldigi hakda kanagatlylyk bildirdiler.

Makronyň kömekçileriniň aýtmagyna görä, Le Peniň partiýasynyň ýeňiş gazanmagy prezidentiň syýasatlaryna täsir etmez.

Maglumatlarda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen onuň merkez-sol koalision ýaranynyň hem zyýan çekendigi bellenýär.

Britaniýadan başga Ýewropa Bileleşiginde ses berişlige gatnaşanlaryň sany 51 prosent diýlip çaklanýar. Bu geçen 20 ýyllykda iň ýokary derejedir.

26-njy maý Bileleşigiň indiki parlamenti üçin, göz öňünde tutulan dört günüň iň soňkusydy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG