Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi BAE-de “regional howpsuzlygy” maslahatlaşýar


ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton şu aýyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlarynda nebit tankerlerine edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň bolmagynyň “tasdan bellidigini” aýtdy.

Bolton 29-njy maýda Abu Dhabide, BAE-niň paýtagtynda gürläp, gämilere hüjüm edilen “deňiz minalarynyň Eýrana degişli bolmagy tasdan belli” diýdi.

Eýranyň regional bäsdeşi bolan Saud Arabystany we onuň ýakyn ýarany Waşington şu aýyň başynda Aýlakda nebit tankerlerine edilen hüjümde Eýrany günäkärledi.

Bäş döwletiň, şol sanda Amerikanyň ekspertler topary 12-nji maýda dört gämä, şol sanda Oman deňzinde Saud Arabystanynyň iki nebit gämisine zyýan ýetiren hüjümleri derňeýär.

Bolton golaýda Saud Arabystanynyň nebit-port şäheri Ýanbuda hem başa barmadyk hüjümiň bolandygyny aýtdy we munuň arkasynda hem Eýranyň durandygyny güman etdi, emma sözüni anyklaşdyrmady.

Bolton Birleşen Arap Emirliklerine 28-nji maýda, “regional howpsuzlyk meselelerini” maslahatlaşmaga geldi. Onuň sapary Eýran we Birleşen Ştatlaryň, şeýle-de onuň Parsa aýlagyndaky ýaranlarynyň arasyndaky dartgynlyklaryň ýokarlanan wagtyna gabat gelýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG