Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew Putini, Jeenbekowy, Lukaşenkony Nazarbaýew medaly bilen sylaglady


Geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öňlki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen. Nur-Sultan, 16-njy maý, 2019 ý.
Geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew öňlki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen. Nur-Sultan, 16-njy maý, 2019 ý.

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz ady dakylan Nur-Soltan şäherinde, öňki sowet respublikalarynyň söwda toparynyň gazak paýtagtyndaky sammitinde Orsýetiň, Gyrgyzystanyň we Belarusyň prezidentlerini öz adyna döredilen Nazarbaýew medaly bilen sylaglady.

Nazarbaýew Gazagystan respublikasynyň ilkinji prezidenti Nursoltan Nazarbaýew adyndaky ordeni 29-njy maýda, Gazagystany, Orsýeti, Gyrgyzystany, Belarusy we Ermenistany öz içine alýan Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň sammitinde, aýry-aýrylykda Wladimir Putine, Sooronbai Jeenbekowa hem-de Aleksandr Lukaşenka daga gowşurdy.

Bu medalda Nazarbaýewiň ýüz keşbi şekillendirilen.

Bu sammite Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan, geçiş prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, bu birleşikde synçy durumy bolan Moldowanyň prezidenti Igor Dodon dagy hem gatnaşdy. Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bu çäre myhman hökmünde gatnaşdy.

Bu sylaglama dabarasy 9-njy iýunda geçiriljek irki prezident saýlawlarynyň iki hepde çemesi öňünden guraldy. Berk kontrollykda saklanylýan we energiýa gorlary sebäpli Ýewraziýa ykdysady bileleşiginiň Orsýet bilen deňeçer diregleriniň birine öwrülen ýurtdaky saýlawlarda Tokaýewiň prezidnetlige tassyklanjagy şübhesiz bolup görünýär.

Onuň saýlanmagy 30-njy maýda işden çekilen, emma ýurduň Howpsuzlyk geňeşiniň hem-de dolandyryjy Nur-Otan partiýasynyň başlygy bolup galan Nazarbaýew tarapyndan berk ugrukdyrylýana çalym edýän syýasy geçişde esasy sahna bolar.

Nazarbaýewe hem-de onuň maşgalasyna doly eldegrilmesizlik hukugyny berýän “Elbasy”, milletiň lideri derejesi hem bar.

Gazak paýtagty Astana, Nazarbaýew işden çekilenden soň uzak wagt geçmänkä, onuň hormatyna Nur-Soltan diýlip atlandyryldy.

Sowet soýyzy 1991-nji ýylda dargamazdan öň häkimiýet başyna gelen Nazarbaýaewiň garşydaşlary, tankytçylary we hukuk toparlary onuň başga pikirlileri susdurmak we saýlaw proseslerini öz erkine salmak bilen, öz häkimiýetiniň ömrüni uzaltmak üçin, raýatlaryň köp hukugyny inkär edendigini aýdýarlar.

Ýurtda hasaba alnan we hökümete garşydaş bolup görünýän ýeke-täk syýasy partiýa, gatnaşsa döwletiň gurjagy bolup görünjekdigini aýdyp, bu saýlawlary baýkot etmek kararyna geldi.

Sammitiň açylyşynda bu ýygnanyşygyň Nazarbaýewiň Ýewraziýa Ykdysady Birleşigini döretmek barada eden çagyryşynyň 25 ýyllygyna, onuň döredilmegi baradaky şertnama gol çekilmeginiň bäş ýyllygyna gabat gelendigi aýdyldy.

Putin Nazarbaýewi Ýewraziýa Ykdysady Birleşiginiň Ykdysady komissiýasynyň hormatly başlygy wezipesine saýlamagy teklip etdi we beýleki liderler ony goldady.

ÝYB Putin, Nazarbaýew we Lukaşenko tarapyndan gol çekilen Gümrük bileleşigi şertnamasy astynda döredildi we 2015-nji ýylyň 1-nji ýylyň ýanwarynda güýje girdi. .

Synçylar Putiniň ÝYB-ni Moskwanyň ozalky Sowet Soýuzyndaky täsirini güýçlendirip, ony Ýewropa Bileleşigine garşy goýmak üçin ulanmaga çalyşýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG