Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda çekirtgelere garşy göreş başlandy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Aşgabatda çekirtgelere garşy göreşmek boýunça bir aý dowam etjek çärä badalga berildi. Bu çäre Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabatda köpelen kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy “gyssagly çäreleriň” zerurdygy barada eden çykyşynyň yzýanynda alnyp barylýar.

“Çekirtgelere garşy göreş çäresi her ýylyň maý aýyndan başlanyp, ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar. Bu çärä döwlet edara-kärhanalarynyň her birinden ortaça bäş adam çekilýär. Oňa kimiň gatnaşjakdygyny edaranyň direktory çözýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri anonim şertde 29-njy maýda gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, çärä gatnaşýan adamlaryň toparlary giçlik sagat 19:00-dan soň paýtagtyň köçelerine çykýarlar we bu çäre daňdan sagat 5:00-6:00-a çenli dowam edýär.

"Hronika Türkmenistan" neşiriniň taýýarlan wideosy

“Şäheriň, esasan-da, protokol köçeleriniň iki tarapyna himiki serişdeleri pürkýärler. Nurmuhammet Andalyp köçesiniň Kemine köçesi bilen çatrygyndan Arçabil şaýoly çatrygyna çenli, şeýle-de Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň Magtymguly şaýoly bilen çatrygyndan Arçabil şaýoly bilen çatrygyna çenli aralykdaky ösümliklere himiki serişdeleri pürküp, çekirtgeleri we mör-möjekleri zäherleýärler. Bu çäre tutuş Arçabil şaýolunda, “Saglyk ýolunyň” töwereginde hem amala aşyrylýar” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Habarçy bu çäräniň prezidentiň “Oguzhan” köşgüniň töwereginde-de alnyp barylýandygyny, ýöne oňa gije sagat 10-dan soň amal edilýändigini hem belledi.

“Elleri gök reňkdäki gutuly işgärler daňdan sagat 5-den soň öýlerine goýberilýär. Olar sagat 17:00 töweregi gaýtadan Oba hojalyk ministrliginiň duralgasynda üýşýärler. Bu çärä gatnaşýan işgärler özleriniň edaradaky işlerinden boşadylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Kebelekler Merkezi Aziýany gurşap aldy
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:51 0:00

Şol bir wagtda, ol şu ýyl şäherde kebelekler köp bolsa-da, çekirtgeleriň o diýen köp däldigini hem aýtdy. Ýöne ol häkimiýetleriň bu çäräni “göz etmek” üçin geçirýändigini belledi.

“Prezident häkime basyş edensoň, bu çäre güýçli depginde alnyp barylýar” diýip, habarçy aýtdy.

Beýleki tarapdan, habarçymyzyň geçen ýyl bu çärä gatnaşan ýakyn dogan-garyndaşlarynyň biri çekirtgelere we mör-möjeklere garşy göreşde ösümliklere himiki serişdeleriň däl-de, diňe suw pürkülýändigini aýtdy.

“Biz geçen ýyl bu çäräniň tas soňuna çenli, hamala, çekirtgeleri zäherleýän ýaly etdik. Ýöne hakykatda bize himiki serişdeleri bermediler. Biz ösümliklere diňe suw sepip çykdyk. Ýöne bu çäräniň diňe soňky üç gününde bize 100 gram himiki serişde berdiler. Biz ösümliklere diňe şony pürkdük” diýip, anonim şertde maglumat beren paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Aşgabatda çekirtgelere garşy alnyp barylýan göreş şäherde kebelekleri we beýleki mör-möjekleri ýok etmek üçin köçeleriň ugruna himiki serişdeleriň pürkülmeginiň hem-de Türkmenistanyň prezidentiniň kebeleklere we mör-möjeklere garşy “gyssagly çäreleriň” zerurlygy barada eden çykyşynyň yzýanyna gabat geldi.

22-nji maýda Azatlygyň habarçylary Aşgabadyň häkimiýetleriniň kebelekleri ýok etmek üçin, hususan-da 10-njy maýdan bäri çäre görýändigini we himiki serişdeleri ulanýandygyny habar beripdiler.

23-nji maýda Aşgabadyň häkimliginde Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet we mejlis agzalarynyň, şeýle-de harby we howpsuzlyk resmileriniň öňünde çykyş edip, kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy göreşi talap etdi.

Şonda Berdimuhamedow “ýerli häkimiýetleriň, Oba hojalyk we tebigaty goramak ministrliginiň bu ýagdaýyň döremeginiň öňüni almak üçin degişli iş geçirmändigini” hem belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Rus dilinde hem okaň
XS
SM
MD
LG