Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde ogry tutuldy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda ýolda barýan bir awtobus.

28-nji maýda Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde bir jübükesen tutuldy. Waka şaýat bolan Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu barada paýtagtdan habar berýär.

Onuň sözlerine görä, Aşgabatda hereket edýän awtobuslaryň birinde ýolagçylar jübi ogrusyny tutup, ony ulagdan düşürip, kowup goýberdiler.

“Ýöne geň galdyran ýeri, adamlar polisiýany çagyrjagam bolmady. Sebäbi olar polisiýa ynanmaýarlar we onuň bilen iş salyşmak islemeýärler. Olar polisiýanyň ogrudan öz paýlaryny alyp, boşadyp goýberjegini bilýärler” diýip, awtobusdaky ýolagçylaryň biri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna pikir beýan etdi.

Beýleki bir ýolagçy, adamlaryň şeýle ýagdaýlarda özleriniň çäre görmegi saýlap alýandygyny gürrüň berdi.

Habarçy ýerli ýaşaýjylara salgylanyp, ýurtda işsizligiň derejesiniň artmagy bilen käbir adamlaryň şeýle jenaýatlara baş goşýandygyny gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi jenaýat hadysalarynyň ep-esli artandygyny tassyklaýar.

“Jübükeseni urdular. Ol çykyp, köp oturdy” diýip, habarçy onuň suratyny ugratdy. Azatlyk Radiosy suraty çap etmekden saklanýar.

Synçylar Türkmenistanda ilatyň döwlet gurluşlaryna, polisiýa gulluklaryna we beýleki howpsuzlyk edaralaryna ynamsyz garaýandyklaryny aýdýar. Ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeşlikde, döwlet edaralaryna işleri düşende köplenç halatda para bermezden işleriň çözülmeýändigini aýdýarlar.

Dünýäde korrupsiýanyň derejesi boýunça halkara hasabatlary çap edýän guramalar Türkmenistanda korrupsiýanyň juda giň ýaýrandygyny nygtaýarlar.

The Risk Advisory Group toparynyň dünýä ýurtlarynda korrupsiýanyň ýagdaýy boýunça 2019-njy ýyl üçin geçen aý ýaýradan hasabatynda Türkmenistan dünýäde korrupsiýanyň döredýän päsgelçilikleri boýunça hem-de ýurt içindäki korrupsiýa maglumatlarynyň elýetersizligi babatda iň ýaramaz ýurt hökmünde hasaba alyndy.

Şeýle-de, ekspertler raýatlaryň kanun bozmalara ýol berýän watandaşlary, polisiýa ynamsyzlyk sebäpli, özleriniň jezalandyrmaklaryny ýurtda “kanunyň hökmürowanlygynyň” ýagdaýynyň pesligi bilen düşündirýärler.

Türkmen metbugaty ýurtda “kanunyň hökmürowanlygynyň” gazanylandygyny tekrarlaýar, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Hukuk maglumatlary merkeziniň resmi websaýty ýurduň parlamentinde kabul edilýän kanunlary yzly-yzyna çap edýär. Ýöne ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, kabul edilýän kanunlaryň raýatlaryň hukuklarynyň kanuny goraglylygy göz öňünde tutulyp, ýerine ýetirilmeginde nogsanlyklara ýol berilýär.

Mundan ozalky ýyllarda, türkmen resmileriniň ogrulyk ýaly jenaýatlara nesilden-nesle geçýän endik hökmünde çemeleşýän wagtlary hem bolupdy. Ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow ogrulygyň gandan geçýändigini aýdyp, ýokary derejeli bir howpsuzlyk resmisini işe bellände döwlet telewideniýesinde çykyş edipdi:

“Döwletmyrat, seni Milli howpsuzlyk ministriniň orunbasary wezipesine bellejek. Seniň uly wezipäň boljak! Işgärleri seçip saýlap almak, ýolbaşçylary seçip saýlap almak...Şolaryň üç arkasyny barla. Tohumynda ogry bolsa, ata-babasynda ogrular bolsa, ogry bolar. Gandan geçýär. Nädip hem bolsa geçýär ganyndan. Şonuň üçin barlaň!” diýip, Nyýazow aýdypdy.

Türkmenistanyň media we metbugat serişdeleri jemgyýetdäki düzgün-bozmalar, ogrulyk, talaňçylyk we şuňa meňzeş beýleki jenaýatlar barada habar bermeýär.

Türkmenistanyň howpsuzlyk edaralary, şol sanda Içeri işler ministrligi ýurtda jenaýatyň ýeten derejesi barada statistiki maglumatlary çap etmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG