“Talyban” hüjümiň jogapkärçiligini öň üstüne aldy. Bir gün öň, harby tälim akademiýasynyň işiginde bolan we azyndan alty adamy öldüren hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” topary öz üstüne aldy.
Ejir çekenleriň sany barada gapma-garşylykly maglumatlar bar, Owganystandaky ABŞ güýçleriniň sözçüsi ulag bombasynyň ABŞ konwoýyny urandygyny we dört harby gullukçynyň kiçiräk ýara alandygyny aýdýar, emma anyk detallary açmaýar.
Anna güni, indiki hepde belleniljek Eýd baýramçylygynyň öň ýanynda bolan hüjüm “Talyban” resmileriniň delegasiýasynyň Moskwada uly derejeli owgan syýasatçylary bilen duşuşyp, Owganystandaky 18 ýyllyk urşy soňlamak boýunça gepleşik geçirýän wagtyna gabat geldi.
“Roýters” habar gullugyň wideosy.