Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bosniýanyň Bosgunlar merkezinde turan ýangynda azyndan 32 adam ýaralandy


Bosniýa. Bihaç şäheriniň köne mekdebinde ýerleşdirilen bosgunlar. Arhiw suraty
Bosniýa. Bihaç şäheriniň köne mekdebinde ýerleşdirilen bosgunlar. Arhiw suraty

Bosniýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän bosgun lagerinde bolan ýangynda azyndan 32 adam ýaralandy diýip, polisiýa aýtdy.

Welika Kladuse merkezindäki ýangyn irki sagatlarda, günbatar Ýewropa barýan 500 çemesi migrantyň, Balkan ýurdunda saklanyp galan adamlaryň ýaşaýan ýerinde tutaşdy.

Polisiýanyň sözçüsi Ale Siljdediç ýangyna nahar bişirilýän enjamyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýdýar.

Ol 13 ýaralynyň hassahanada bejergi alýandygyny, ýangyny öçürmek üçin birnäçe sagadyň gerek bolandygyny hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG