Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýada sürgün edilendigi aýdylýan resminiň köpçüligiň öňüne çykandygy öňe sürülýär


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (çepde) we onuň kömekçisi Kim Jong Çol ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçirilýän sammite gatnaşýarlar. Wýetnam. 28-nji fewral, 2019 ý.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un (çepde) we onuň kömekçisi Kim Jong Çol ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçirilýän sammite gatnaşýarlar. Wýetnam. 28-nji fewral, 2019 ý.

Demirgazyk Koreýanyň döwlet mediasy ýurduň lideri Kim Jong Unuň ýokary derejeli kömekçisi Kim Jong Çoluň jemgyýetçiligiň öňünde peýda bolandygy barada habar berdi.

Mundan öň, Günorta Koreýanyň habar serişdeleri ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen geçirilen sammitiň şowsuz tamamlanmagy sebäpli, onuň zähmet lagerine sürgün edilendigi barada maglumat beripdi.

Kim Jong Çol fewralda Wýetnamda geçirilen sammitde Kim Jong Unuň esasy araçysy bolupdy. Şol sammitiň netijeleri boýunça hiç hili ylalaşyk baglaşylmandy.

Geçen hepde Günorta Koreýanyň neşiriniň beren maglumatyna görä, Kim Jong Çol zähmet lagerine ugradylypdyr, şeýle-de Phenýanyň ABŞ boýunça ýörite wekili Kim Hýok Çol, şowsuzlyk sebäpli, jezalandyrylyp öldürilipdir.

Emma, Demirgazyk Koreýanyň resmi mediasy 3-nji iýunda Kim Jong Çoluň ýurduň lideri bilen bilelikde tans çykyşlaryna tomaşa edendigi barada habar berdi.

Kim Jong Çoluň ady çärä gatnaşanlaryň resmi sanawynda görkezilmedi.

Mundan ozal, Demirgazyk Koreýa syýasy säwliklere ýol berendigi aýdylýan ýokary derejeli resmileri jezalandyryp öldüripdi.

XS
SM
MD
LG