Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý Tiananmeniň ýyl dönümi barada dymyşlygy saklaýar


Hytaýly protestçi Tiananmen meýdançasyna barýan tanklary böwetlemäge synanyşýar. 5-nji iýun, 1989 ý.

Hytaý demokratiki protestleriň gazaply basylyp ýatyrylmagynyň 30-njy ýyl dönüminde Pekiniň merkezindäki Tiananmen meýdançasyndaky howpsuzlyk çärelerini artdyrdy. Meýdança barýan käbir ýollar petiklendi we goşmaga barlag-gözegçilik nokatlary ornaşdyryldy.

Hytaýda mundan 30 ýyl ozal basylyp ýatyrylan protestler barada resmi derejede hiç zat aýdylmaýar.

Tiananmen meýdançasynyň daşynda polisiýa turistleriň şahsyýetlik dokumentlerini barlady. Daşary ýurtly žurnalistlere meýdança barmak we suratlary düşürmek gadagan edildi.

1989-njy ýylyň ýazynda talyplar we işçiler demokratiki üýtgeşmeleri we korrupsiýanyň soňlanmagyny talap edip, Tiananmen meýdançasynda toplandylar. Bu tutuş ýurt boýunça protestleriň döremegine sebäp boldy.

Bir hepde protestlerden soň, kommunistik hökümet meýdança tanklary we esgerleri sürdi. 3-4-nji iýun aralygynda protestleri basyp ýatyrmak çärelerinde ýüzlerçe demonstrantyň öldürilendigi çaklanylýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 3-nji iýunda beýanat ýaýradyp, onda “mundan 30 ýyl ozal öz haklary ugrunda mertlerçe duran hytaý halkynyň gahrymanlaryna” sarpasyny bildirdi.

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG