Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary (2-nji bölüm)


Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça bölüminiň edara jaýy. Arhiwden alnan surat.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça bölüminiň edara jaýy. Arhiwden alnan surat.

Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň nobatdaky sany türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary baradaky söhbetlere bagyşlanýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 5-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Döwlet migrasiýa gullugynyň işinde “täzeçil usullaryň” hem-de “dünýä tejribeleriniň” ulanylmalydygyny aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşy Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki ynamdar çeşmeleriniň Döwlet statistika komitetinde geçirilen ýapyk barlaglara salgylanyp, soňky 10 ýylyň dowamynda 1.9 milliona golaý adamyň ýurdy terk edendigi barada beren habarynyň yzýanyna gabat geldi.

Eýsem, migrasiýa işinde türkmen prezidentiniň hödürleýän “täzeçil usullary” ilatyň köpçülikleýin daşary ýurda çykmak meýillerine nähili täsir eder? Täzeçil usullar ýurda gelýän syýahatçylaryň berk wiza tabynlygyna täsir edermi? Daşary ýurtlara göçýän türkmenistanlylara nähili synaglar garaşýar?

Täze maglumatlaryň fonunda, Dünýä Türkmenleri gepleşiginiň bu sany hem türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary baradaky gürrüňdeşliklere gönükdirilýär.

  • Pragadan telefon arkaly gepleşigimize gatnaşan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlarynyň aňyrsynda ýatan mümkin bolan sebäpler hem-de migrasiýa bilen ýurduň ykdysadyýetiniň arasyndaky aragatnaşyk barada gürrüň berdi.
  • Gepleşigimize Russiýadan gatnaşan türkmenistanly migrant Ahmet ýurduň içinde adamlary daşary ýurtlara çykmaga iterýän ýagdaýlar boýunça öz başdan geçirmelerini hem-de migrantlaryň daşary ýurtlardaky, hususan-da Russiýadaky iş mümkinçilikleri barada gürrüň berdi.
Türkmenistanlylaryň täze emigrasiýa tolkunlary (2-nji bölüm)
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:01 0:00

XS
SM
MD
LG