Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Horezmli emeldar öz garamagyndakylara haýbat atyp, olary ýatman işlemäge mejbur etjekdigini aýdýar


Hywada Germaniýanyň prezidentiniň hem-de Russiýanyň premýer-ministriniň saparynyň öň ýanynda aýdym-sazly kollektiwleriň taýýarlyk repetisiýalary.
Hywada Germaniýanyň prezidentiniň hem-de Russiýanyň premýer-ministriniň saparynyň öň ýanynda aýdym-sazly kollektiwleriň taýýarlyk repetisiýalary.

Azatlyk radiosyna gelip gowşan Horezm oblastynyň Medeniýet we halka hyzmat ediş edarasynyň ýolbaşçysy Şawkat Ýahiboýewiň sesi diýlip çak edilýän audioýazgyda, etraplaryň medeniýet bölüminiň ýolbaşçylaryna we sazçylyk mekdepleriniň müdirlerine haýbat atyp, «olary zynjyra baglap, 3-4 gün ukusyz işlemäge» mejbur etjegini aýdýar.

«Men şeýle ederin, size 3-4 günläp uky bermen. Siziň baryňyz deýýus adamlar, sizi gynamak gerek, biziň maksadymyz – sizi gynamak» diýip, audioýazgydaky sesde aýdylýar. Ol ses Horezm oblastynyň häkimliginiň Medeniýet we halka hyzmat ediş edarasynyň başlygy Şawkat Ýahşiboýewe degişli diýlip çak edilýär.

Medeniýet işgärleriniň aýtmagyna görä, Azatlyga gelip gowşan bu audioýazgydaky ses Ýahşiboýew öz kabinetinde, garamagyndakylara haýbat atyp duran mahalynda diktofona ýazylypdyr. Bu Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Hywa saparynyň öň ýanynda bolupdy.

– Ýygnak 26-njy maýda Şawkat Ýahşiboýewiň kabinetinde boldy. Ol agşam sagat 9-da başlap, ýary gijä çenli dowam etdi. Ýygnaga sazçylyk mekdepleriniň müdirleri we etraplaryň medeniýet bölüminiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýygnakda Ýahşiboýew olara haýbat atyp: «Siz gijelerine uklamarsyňyz, uklasaňyz depip turzaryn, siz şu ýerde işlärsiňiz» diýdi – diýip, öz kimdigini aýtmazlygy haýyş eden gürrüňdeşimiz aýtdy.

Ýöne 4-nji iýunda Azatlygyň habarçysy bilen telefon gürrüňinde Şawkat Ýahşiboýew «özüniň garamagyndakylara haýbat atanynyň ýadyna düşmeýändigini» aýtdy.

– Näme üçindir, bu meniň ýadyma düşenok. Etraplaryň medeniýet bölüminiň ýolbaşçylaryny zynjyra baglap, olary ukusyz işletmek nämäme gerek? Bizde beýle bir ägirt problema ýok ahyryn, bizde bar zat ertekidäki ýaly – diýip, Şawkat Ýahşiboýew aýdýar.

Azatlyga audioýazgy ýollan çeşmäniň aýtmagyna görä, Germaniýanyň prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýeriň hem-de Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň Hywa saparynyň öň ýanynda, Şawkat Ýahşiboýew sazçylyk mekdebiniň okuwçylaryny, aýdymçylary hem tans toparlaryny ýakyp barýan günüň aşagynda ýokary derejeli myhmanlary garşylamak dabarasyny taýýarlamaga mejbur edipdir.

– Tutuş dört sagatlap, ýaş çagalary jokrama günüň aşagynda repetisiýa geçmäge mejbur etdi. Repetisiýa çykmadyk çagalar üçin, Ýahşiboýew etrap medeniýet bölüminiň ýolbaşçylaryna işden kowmak haýbatyny atdy – diýip, medeniýet işgäri aýdýar.

Ýöne Ýahşiboýewiň özüniň aýtmagyna görä, ýokary derejeli myhmanlary garşy alyş dabarasynyň taýýarlanyşygy agşamky wagtlarda geçirilipdir. Oňa esasan halk döredijiligi toparlary gatnaşdy diýip, çinownik aýdýar.

​– Siziň çeşmäňiz anyklanmadyk maglumat ýollapdyr – diýip, Horezm oblastynyň häkimliginiň Medeniýet we halka hyzmat ediş edarasynyň başlygy Şawkat Ýahşiboýew aýdýar.

Özbegistanda ýokary derejeli çinownik garamagyndakylara haýbat atyp, olary kemsidip, köpçüligiň arasynda mertebesine degip, hatda olary urýan halatlarynyň hem bolýandygyny ýatlatmagymyz gerek.

Geçen hepdede Azatlyk radiosyna gowşan audioýazgyda Fergana oblastynyň ýolbaşçysy Şuhrat Ganiýewiň sesi bolmagy çak edilýär, ol salgyt inspeksiýasynyň başlygyna haýbat atyp, ​«olaryň içegelerini sogrup, kellelerine oramaly» diýýär.

2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda bolan hökümet maslahatynda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýaýew Azatlyk Radiosy tarapyndan mälim edilen agzy hapa sögünçli we ýumrugy düwülgi häkimleri tankytlapdy.

Döwlet ýolbaşçysy şonda ýolbaşçy çinownikler beýle hereketi bilen diňe bir döwlet syýasatyna garşy gitmän, eýsem döwlet ýolbaşçysynyň syýasatyna-da garşy gidýändigini mälim etdi.

Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugynyň materialy.

XS
SM
MD
LG