Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sankt-Peterburgda özbek raýatyny we onuň 12 ýaşly gyzyny zorlanyň garşysyna derňew işi başlandy


Uzbekistan -- photo for materials about rape, 5 September 2014

Sankt-Peterburgda Özbegistanyň raýatyny we onuň 12 ýaşly gyzyny bikanun ýagdaýda saklap, soňra jynsy zorluga duçar eden iki adamdan biri saklandy. Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan 33 ýaly aýal sülçüler onuň iki çagasyny elinden alandygyny we olaryň saklanýan ýerini aýtmaýandyklaryny mälim etdi.

Sankt-Peterburgda Daşkentden bolan 33 ýaşly N. we onuň 12 ýaşly gyzyny azatlykdan bikanun mahrum etmekde hem zorlamakda günä bildirilýän adam saklandy.

Orsýetiň internet neşiriniň derňew organyna salgylanyp berýän habaryna görä, 47 ýaşyndaky ol adam Täjigistanyň raýaty bolmaly.

25-nji maýda Piter.tv telekanalynyň maglumatyna görä, Russiýa Federasiýasyň Sankt-Peterburg şäheri boýunça Derňew komiteti onuň garşysyna jenaýat işini gozgap, RF JK-niň 131 («Zorlamak») we 127 («Iki we ondan köp adamyň, şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň azatlygyny kanunsyz kesmek») maddalary boýunça aýyplama bildirilýär.

«Watandoş» Halkara regional özbek ildeşleri guramasynyň prezidenti Usman Baratowyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, şu ýylyň maý aýynda bolup geçen bu hadysa häzir derňew komitetinde. Derňew gutarýança ady mälim edilmeýän ol aýaly iki çagasy bilen kireýine alnan bir jaýda zorluk ulanylyp gabap saklapdyrlar hem yzygiderli jynsy zorluga duçar edilipdir.

– 18-nji maýda olar «Одноклассники» arkaly maňa habar edip, bolan ýagdaýy aýtdylar. Duşenbe güni biz olary tanyşlarymyzyň kömegi bilen getirdik. Derňew komitetine arza berdik, ogurlanan aýaldan interwýu aldyk. Onuň sözüne görä, Sankt-Peterburgda 12 ýaşly gyzy hem 7 ýaşly ogly bilen ýaşaýan eken. Goňşy otagda bir täjik iki aýal bilen ýaşaýan eken. Aýalyň sözüne görä, ol adamyň ýanyna 17 ýaşly ýegeni gelip-gidip durupdyr. Bir gün öýde adam ýoklugyndan peýdalanyp, ol 12 ýaşly gyzy zorlapdyr. Aýalyň sözüne görä, ol bu gyzy iki hepdäniň dowamynda zorlapdyr.

7-nji maýda ol gyz bularyň ählisini ejesine aýdypdyr. Ene gözýaş edip goh-galmagal turzup, ol ýetginjegiň daýysynyň üstüne barýar. Oglanyň daýysy aýaly başga bir otaga salyp, urupdyr hem şol ýerde zorlapdyr. Soňra iki çagasy bilen ol aýaly iki günläp, şol ýerde gabap goýupdyr. 9-njy maýda ol aýala bir ýol bilen gapyny açyp, iki çagasyny alyp gaçmak başardýar. Olar Sankt-Peterburgyň Moskwa demir ýol wokzalyna gelip, polisiýadan kömek sorapdyr. Biz häzir şol polisiýa gullukçylarynyň üstündenem şikaýat etmekçi, sebäbi olar Özbegistanyň raýatyna ýardan bermekden ýüz öwrüp, olary daşara kowupdyrlar – diýip, Usman Baratow aýdýar.

Zorlukda avyplanýan täjik raýaty
Zorlukda avyplanýan täjik raýaty

Russiýanyň köpçülikleýin habar serişdeleriniň maglumatyna görä, zorlamakda hem birini azatlykdan mahrum etmekde esasy figurant saýylýan 47 ýaşyndaky täjigistanly Daçnyý prospektiniň №24 jaýynda kireýine ýaşap, Sankt-Peterburgda awtomobil söwdasy bilen meşgullanýan eken, ol Orsýetiň territoriýasynda bikanun ýagdaýda gelipdir.

Azatlygyň habarçysyna Sankt-Peterburgda bikanun ýagdaýda azatlykdan mahrum edilen hem zorlanan daşkentli bilen gepleşmek mümkin boldy. Sud derňewine gatnaýan mahalynda, onuň iki çagasyny hem elinden alypdyrlar.

33 ýaly N-iň sözüne görä, häzirki wagtda derňewçiler çagalaryň bolýan ýerini ýaşyryp, oňa basyş edýärler.

– Häzir çagalarym ýanymda ýok, olary menden aldylar, olary görüp bilemok. Meni iki gün sudda sakladylar, gaýdyp gelsem, öýde çagalar ýok eken. Meniň diňe iki şaýadym bar – olar meniň çagalarym. Olar maňa gerekli. Adaty adamlar ýaly, men olar bilen kireýine jaýda ýaşadym. Ýöne meniň bilen goňşulykda ýaşan iki adam gözümiň alnynda gyzymy zorladylar – diýip, Özbegistanyň raýaty aglap gürrüň berýär.

Özbegistanyň jebir çeken raýatynyň çagalaryny ýörite edara ugratdylar.
Özbegistanyň jebir çeken raýatynyň çagalaryny ýörite edara ugratdylar.

​Azatlyga gowşan ses ýazgylaryndan mälim bolşuna görä, Özbegistanyň raýatynyň çagalaryny Derňew komitetiniň işgärleri alypdyr.

«Watandoş» Halkara regional özbek ildeşleri guramasynyň prezidenti Usman Baratow rus döwletiniň Özbegistanyň raýaty bolan çagalary öz goragyna almagynda hiç bir kanuna ters gelýän zady görmeýändigini aýdýar.

– Men bu aýaly ilkinji gezek görýän. Ýöne onuň çagalarynyň alynmagyny kanuny hasaplaýan. Sebäbi olaryň takyk ýaşaýan ýerleri ýok. Eger 12 ýaşly gyzyny hem 7 ýaşly ogluny bu ýere getirmedik bolsa, belki, beýle betbagtlyk bolmazdy... Häzir onuň çagalary psihologiki hem medisina kömegine mätäç. Ol aýaly 7 ýaşly çagasynyň gözüniň alnynda urandyklary maňa mälim. Enäniň günäsi Daşkentde 6-njy synpda okap ýören gyzyny bir ýyl mundan öň bu ýere getirmeginde. Tutuş ýyllap gyzjagaz kireýine alnan jaýda ýaşap, hiç ýerde okamandyr. Jebir çeken Özbegistanyň ilçihanasyna ýüz tutandygyny aýdýar, ýöne özbek diplomatlary onuň haýyşyna baş galdyrmandyrlar. Her nähili bolanda-da, derňew işgärleri 12 ýaşly gyzyň jynsy zorluga duçar bolandygy barada barlag geçirmeli bolarlar – diýip, Usman Baratow aýdýar.

Russiýa Federasiýasynyň Derňew komitetiniň Sankt-Peterburg bölüminiň elektron saýtynda Özbegistanyň raýaty bolan aýalyň hem onuň gyzynyň zorlanandygy barada nähilidir bir maglumat görünmeýär.

Bolan iş boýunça goşmaça maglumat almak üçin, Azatlyk Radiosyna Derňew komitetiniň wekilleri bilen baglanyşmak häzirlikçe başartmady.

Azatlyk Radiosynyň özbek gullugynyň materialy.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

Iň soňky teswirler

New Comments Available
XS
SM
MD
LG